Aşgabat diňe bir gözelligi we ajaýyp binagärligi bilen däl, eýsem bagtyýarlyk bilen hem tapawutlanýan merjen şäherdir. Dünýäniň dürli künjeklerinden gelen myhmanlar ýurdumyzda, esasan hem paýtagtymyzda alnyp barylýan ösüşlere, bina-gurluşyklara, halkymyzyň ýokary durmuş derejesine haýran galýarlar. Şäheriň owadan yşyklandyryjylary we dürli reňklerde şöhle saçýan suw çüwdürimleri onuň keşbine aýratyn gözellik goşýar.
Her ýylyň 25-nji maýy “Aşgabat şäheriniň güni” hökmünde bellenilýär. Bu ýyl hem “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” bu baýramçylyk “Soňky jaň” dabaralary bilen utgaşyp, türkmen jemgyýetinde aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Mekdep uçurymlarynyň ir bilen gül çemenleri bilen mukaddesliklere tagzym edişi halkymyzyň buýsanjynyň, geljege bolan ynamynyň we Watana bolan çäksiz söýgüsiniň nyşanydyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Aşgabat iri işewürlik we medeni merkez hökmünde halkara derejesinde ykrar edilip, sazlaşykly ösüşiň nusgasyna öwrüldi.
Ak şäherimiziň – paýtagtymyzyň parahatçylyk, rowaçlyk, gözellik hem-de ösüşleriň merkezi hökmünde ykrar edilmeginde beýik işleri alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent başynyň aman bolmagyny arzuw edýäris!
Gülöwser REJEPOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler