“Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi

2025-nji ýylyň 24-nji maýynda Hytaýyň paýtagty Pekin şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” görnüşindäki Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň duşuşygy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.

Duşuşykda şu ýylyň iýun aýynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine görülýän taýýarlyklar bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň we Hytaýyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlary sammitiň deslapky gün tertibi boýunça öz tekliplerini hödürlediler hem-de bilelikdäki jemleýji resminamalaryň taslamalaryna seretdiler.

Duşuşyga gatnaşyjylar bu gezekki sammitiň geçirilmeginiň sebitleýin durnukly ösüşi, parahatçylygy hem-de howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen hyzmatdaşlygy ösdürmekde “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň möhüm ornuny görkezýändigini nygtadylar. Bu forum döwletleriň arasyndaky açyk we gurluşly dialog üçin netijeli meýdança hökmünde çykyş edýär.

Altyn ROZYÝEWA,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet
mugallymçylyk institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok