Halkara hukugy boýunça iňlis dilinde internet-olimpiada geçirilýär!

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň web saýtynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna bagyşlanan çäreleriň çäginde 5-nji iýunda ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda halkara hukugy boýunça iňlis dilinde internet-olimpiada geçirilýändigi aýdylýar.

Internet-olimpiada «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmek maksady bilen geçirilýär. Onuň ýene bir maksady bolsa halkara ülňülerine laýyklykda, ynsanperwer dersleriň okadylyş hilini kämilleşdirmek we ýaş hünärmenleri halkara hukugy pudagynda taýýarlamakdyr.

Olimpiada her ýokary okuw mekdepden 10 talyp gatnaşyp biler. Oňa gatnaşýanlar 100 synag soragyna dogry jogap bermeli bolarlar. Gyzyklanýan şahslar iýun aýyna çenli salgy boýunça hasaba alynmalydyr.

Bäsleşigiň üstünlikli geçirilmegini üpjün etmek üçin Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti eminler toparyny döreder. Ol iň köp utuk gazanan talyplary saýlap alar.

Guramaçylyk toparynyň telefon belgisi: +993 65 40 31 22.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok