Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda jemlenýan ýene-de bir okuw ýyly uly üstünliklere baý boldy. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, etrabymyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem netijeli işler durmuşa geçirildi. Okuw ýyly üçin tassyklanylan iş meýilnamasyndan ugur alnyp, etrabymyzyň çägindäki mekdebe çenli çagalar edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünärlerini kämilleşdirmekde, halypa-şägirtlik gatnaşyklaryny ösdürmekde, öňdebaryjy iş tejirbäni öwrenmekde, umumylaşdyrmakda we ýaýratmakda birnäçe usuly-pedagogik işler ýerine ýetirildi. Usuly sagatlar, maslahatlar, pedagogik geňeşler, temalaýyn barlaglar we beýleki çäreler işjeň geçirildi. Şol sanda çagalar bakja-baglarynda terbiýelenýän körpeleriň arasynda yglan edilýän bäsleşikler baý mazmunly, guramaçylykly geçirilip zehinli körpeleriň ýüze çykarylmagynda we höweslendirilmeginde ähmiýetli ädimler ädildi.
Okuw ýylyny üstünlikli tamamlap, çagalar bakja-baglarynda tomus sagaldyş möwsümine hem işjeň taýýarlyk görlendigini bellemek gerek. Bu möwsümde bakja-baglarynda şadyýan oýunlar, gyzyklanma çäreleri we taplama pursatlary öz netijeliligi bilen tapawutlanar. Bu işleriň ählisi körpe türkmenistanlylaryň irki ösüşi we mekdebe taýýarlygy hakyndaky aladalaryň mynasyp durmuşa geçirilmegine itergi berýär.
Ýurdumyzda bilim-terbiýeçilik düzümleriniň kämilleşdirilmegi üçin ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlarymyzy aýdýarys!
Durna GURBANOWA,
Murgap etrap bilim bölüminiň
mekdebe çenli çagalar edaralary boýunça hünärmeni.
Teswirler