2025-nji ýylyň maýynda Türkiýäniň Stambul şäherinde 7-nji Halkara etnosport medeniýeti festiwaly geçirildi. Dünýäniň dürli künjeginden gatnaşyjyly festiwal Bütindünýä Etnosport Konfederasiýasy tarapyndan guraldy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýty habar berýär.
Festiwalda dürli ýurtlaryň milli medeni toparlary öz däp-dessurlaryny, at üstündäki oýunlaryny we milli sport görnüşlerini giňden görkezdi. Bu halkara çäräde Türkmenistanyň adyndan çykyş eden “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar topary ýokary derejeli çykyşlary bilen ünsi özüne çekdi. Bu topar, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döredilip, türkmen medeni mirasyny dünýä tanatmakda möhüm rol oýnaýar.
Toparyň agzalary at üstünde ýerine ýetirýän ussatlyk bilen tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Milli geýimler we sazly çykyşlar bilen utgaşan çykyşlar halkara myhmanlarda aýratyn gyzyklanma döretdi. Festiwala ýörite getirilip görkezilen ahalteke atlary bolsa öz gözelligi, çydamlylygy we özboluşly hereketleri bilen tomaşaçylaryň üns merkezine öwrüldi.
Bu halkara medeni forum diňe bir Türkmenistanyň baý atçylyk däplerini görkezmek bilen çäklenmän, eýsem dünýä halklarynyň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda hem ähmiýetli boldy.
Begenç SALAMATOW,
Seýitnazar Seýdi Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyñ
Roman-german dilleri we edebiýaty fakultetiniñ 4-nji ýyl talyby.
Teswirler