Çaga – ömrüň dowamy

Her ýyl 1-nji iýun dünýäniň köp ýurtlarynda, şol sanda Türkmenistanda hem Çagalary goramagyň halkara güni giňden bellenilýär. Bu gün Birleşen Milletler Guramasynyň çagalaryň hukuklaryny goramak we olara berilýän mümkinçilikleri ýokarlandyrmak baradaky esasy ýörelgelerine we maksatlaryna ygrarlylygyň nyşanydyr.

Tomus paslynyň ilkinji gününde geçirilen dabaralar we medeni-jemgyýetçilik çäreler ýurdumyzda dogan çagalaryň kalbynda döwletimiziň gazanan üstünliklerine bolan buýsanjy artdyrýar. Halkymyzda «Bal süýji, baldan-da bala süýji» diýen agzybirlik bilen aýdylyp gelýän aýdymy ýaly, çagalar – ýurdumyzyň nurana geljegidir.

Ata-babalarymyzyň «Çaga – ömrüň dowamy», «Çaga – gol-ganatyň» ýaly pähimlerini özüne esas edinen döwletimiz maşgalany goldamak, eneligi hormatlamak we köp çagalylygy höweslendirmek boýunça uly çäreleri alyp barýar. Çagalaryň sagdyn we bagtly ösmegi üçin ähli şertler döredilýär, olaryň hukuklary doly goralýar we häzirki zamanyň talaplaryna laýyklykda terbiýelenmegi üns merkezinde saklanýar.

Türkmenistanda çagalaryň bilim we döredijilik mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hem yzygiderli işler alnyp barylýar. Mekdeplerde we çagalar baglarynda ylmy-tehnologik, sport, sungat we dil ugurlary boýunça dürli maksatnamalar durmuşa geçirilýär.

Täzegül BAZARGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok