Witaminleriň adam saglygyndaky orny

Adam saglygyny goramak we berkitmek üçin dürli serişdeler ulanylýar. Olaryň arasynda witaminler aýratyn orun eýeleýär. Witaminler — bedeniň kadaly işlemegi üçin zerur bolan organiki maddalar bolup, olaryň hemmesini adam organizmi özi öndürip bilmeýär. Şonuň üçin hem bu peýdaly maddalary gündelik iýmit bilen kabul etmek hökmanydyr.

Witaminler bedendäki dürli biologiki we fiziologiki işleriň kadaly dowam etmegini üpjün edýär. Olar energiýa çeşmesi däl, ýöne iýmit bilen bilelikde siňip, öýjükleriň ösüşine, dikeldilmegine we gorag ukybyna güýç berýär.

Witaminler esasan aşakdaky toparlara bölünýär:

  • Ýağda eredilýän witaminler: A, D, E, K
  • Suwda eredilýän witaminler: B topary we C witamini

Her witamin bedende aýratyn wezipesini ýerine ýetirýär we olaryň ýetmezçiligi dürli saglyk kynçylyklaryna sebäp bolup biler.

A witamini

A witamini gözüň görmesini üpjün edýär, şeýle hem deri we içki agzalaryň nemli örtüginiň sagdynlygyny saklamaga ýardam edýär. Bu witamin käşir, gawun, ýumurtga sarysy, süýt önümleri we dürli gök önümlerde duşýar.

B topary witaminleri (B1, B2, B6, B12 we beýlekiler)

B topary witaminleri nerw ulgamynyň kadaly işlemegini üpjün edýär, gan işläp çykarmaga ýardam edýär hem-de maddalaryň alyş-çalyşyny sazlaýar. Bu witaminler tüwi, tüwi kösügi, ak we gara çörek, et önümleri, ýumurtga hem-de süýt ýaly iýmitlerde bolýar.

C witamini

C witamini immun ulgamyny güýçlendirýär, demriň bedende siňmegine ýardam edýär we sowuklama garşy göreşýär. Onuň esasy çeşmeleri hökmünde limon, nar, alma, kelem, petruşka we burç ýaly önümlerde köp saklanýar.

D witamini

D witamini süňkleriň we dişleriň berk bolmagyny üpjün edýär. Ol bedende kalisiý we fosforyň siňmegine ýardam edýär. D witamini gün şöhlesi arkaly deri arkaly emele gelýär, şeýle hem balyk ýagy, ýumurtga, süýt we ýagly süýt önümleri onuň esasy çeşmeleridir.

E witamini

E witamini güýçli antioksidant hökmünde öýjükleri goraýar, deri we saç üçin peýdalydyr. Bu witamin ösümlik ýaglarynda, hozda hem-de dürli gök önümlerde bolýar.

Witamin ýetmezçiligi köplenç hemişe bir görnüşli iýmitler bilen iýmitlenmek, stres, zyýanly endikleriň bolmagy we ekologiki şertleriň ýaramazlygy bilen bagly ýüze çykýar. Şeýle ýagdaýda adamda aşakdaky alamatlar ýüze çykyp biler:

  • Süňk gowşaklygy (D witamin ýetmezçiligi)
  • Gözüň görmek ukybynyň peselmegi (A witamin ýetmezçiligi)
  • Ganazlyk, ýadawlyk (B12 witamin ýetmezçiligi)
  • Immunitetiň peselmegi, sowuklama (C witamin ýetmezçiligi)

Şonuň üçin hem witaminleriň kadaly kabul edilmegi saglygyň esasy şertleriniň biridir.

Häzirki döwürde adamlar öz saglygyna has ünsli çemeleşýärler. Şeýlelikde, witamin goşundylary dermanhanalardaky dermanlar bilen kabul edilýär. Emma iň gowusy — witaminleri tebigy ýol bilen, ýagny hakyky iýmit çeşmelerinden almakdyr. Witaminler adam saglygynyň möhüm bölegi bolup, olaryň ýetmezçiligi dürli kesellere ýol açyp biler. Şeýle ýagdaýlaryň öňüni almak üçin dürli görnüşli gök önümleri we miweleri iýmek, açyk howada gezelenç etmek, we wagtly-wagtynda lukmançylyk gözegçiliginden geçmek maslahat berilýär.

Merjen Agadurdyýewa
Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok