Türkmenistanyň wekiliýeti Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy

2025-nji ýylyň 20-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, “Parahatçylygyň, dostlugyň we abadançylygyň umumy giňişligini gurmak” şygary astynda geçirilen Merkezi we Günorta Aziýanyň arasyndaky arabaglanyşyk boýunça Termez dialogynyň birinji mejlisine gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu forumda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary, halkara we sebit guramalarynyň wekilleri, ylmy-barlag merkezleriniň hünärmenleri hem-de maliýe institutlarynyň wekilleri çykyş etdiler. Olar sebitleýin hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy, geljekki mümkinçilikleri, şeýle hem sebitiň howpsuzlygyny, durnuklylygyny we ösüşini üpjün etmekde hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýollary barada pikir alyşdylar. Şeýle-de, hususy pudagyň we maliýe düzümleriniň ykdysady ösüşdäki ornuna aýratyn üns berildi.

Türkmenistan tarapyndan çykyş eden wekiliýet, ulag we logistika, energetika, ykdysady hem-de ynsanperwer ugurlarda Merkezi we Günorta Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe möhüm teklipleri beýan etdi. Şeýle-de çykyşda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 2025-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi ýurduň halkara derejedäki parahatçylyk dörediji işleriniň ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

Forumyň dowamynda gatnaşyjylar kabul edilen netijeleriň sebitleýin hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga hem-de giň Ýewraziýa giňişliginde parahatçylygyň, durnuklylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.

Gözel ALLANAZAROWA,

Türkmen döwlet Binagärlik-gurluşyk institutynyň
mugallymy.


Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok