Türkmenistan we Belarus Respublikasynyň arasynda ylym-bilim hyzmatdaşlygy ýokarlanýar

2025-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda rektor G.Ýusupowa bilen Belarus Respublikasynyň P.M.Maşerow adyndaky Witebsk döwlet uniwersitetiniň prorektory A.Mehowiçiň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşykda Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, esasan hem ylym-bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Duşuşykdan soň Belarusly myhman A.Mehowiç tarapyndan “Bilim ulgamynda türkmen-belarus mümkinçilikleri” atly okuw sapagy geçirildi. Bu sapaga Belarus wekiliýetiniň agzalary, institutyň ýolbaşçylary, professor-mugallymlar hem-de talyplar gatnaşdylar.

Okuw sapagynda A.Mehowiç iki ýurduň arasynda syýasy-diplomatik, ykdysady, medeni hem-de ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösüşi, gazanylan netijeler we durmuşa geçirilen işler barada giňişleýin gürrüň berdi. Şeýle hem häzirki wagtda bilim ulgamynda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk barada maglumatlar paýlaşyldy.

Sapagyň soňunda talyplar myhmana özlerini gyzyklandyrýan soraglary berdiler. Mundan başga-da, A.Mehowiç institutyň çägindäki “Türkmen diplomatiýasynyň taryhy” muzeýine we “Ýaş diplomatyň sesi” atly elektron gazetiniň redaksiýasyna baryp gördi we olaryň işi bilen tanyşdy.

Uzukjemal ANNAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok