«Olimpiýa» myhmanhanasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahat geçirilýär!

24-25-nji maýda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda «Ak şäherim Aşgabat» atly XXIV köpugurly halkara sergi we «Olimpiýa» myhmanhanasynda «Ak şäherim Aşgabat» atly halkara maslahat geçirilýär.

Köpugurly halkara serginiň gymmatlyklary bilen tanyşmak isleýän watandaşlarymyzy we ýurdumyzyň myhmanlaryny sergä gelip görmäge çagyrýarys. Sergä we maslahata gatnaşmaga isleg bildirýän taraplar Aşgabat şäher häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň degişli bölümlerine ýüz tutup bilerler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok