Binýady berkden – ýüpegi gülden

Suw türkmeniň ýaşaýşy, at ganaty, haly bolsa onuň kalbydyr. Beýik sungat derejesine ýetirilen senedi bolan haly türkmen ojagynyň bezegidir. Türkmen zenanlarynyň mähir owazyndan dörän bu nepis sungat asyrlaryň dowamyndan bäri görenleri haýrana goýup gelýär. Ene-mamalarymyzyň hünärli gollarynyň miwesi bolan türkmen halylary – halkymyzyň owadan kalby, sowulmaz ýazydyr. Älem gözelligi özünde jemleýän bu gudraty synlanyňda öz işine ussat gelin-gyzlaryň öý ojagyna wepadarlygyny, ezberligini görmek bolýar. Türkmen durmuşynyň aýrylmaz hemrasy bolan, gül-görkli halylaryň hormatyna bagyşlanyp her ýylyň maý aýynyň soňky ýekşenbesinde “Türkmen halysynyň” baýramynyň uly şatlyk-şowhuna beslenip bellenilip geçilmegi, şeýle-de dünýä ýüzünde hyrydarly nazar bilen garalýan türkmen halylarynyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi dünýä döwletlerinde şeýle-de eziz Diýarymyzda bu gadymy we müdimi sungata goýulýan sarpanyň has-da belentdedigini subut edýär.

Her bir güni bagta, soňlanmaz bagtyýarlyga beslenen eziz Diýarymyzda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň pähim-paýhasy siňen, halkymyzyň ýüzüni açyp görkezýän milli däp-dessurlarymyz, toý dabaralarymyz, ebedi gymmatlyklarymyz döwrebap röwüşde ýaýbaňlandyrylýar. Nepisligiň, owadanlygyň haýran galdyryjy, özüne imrindiriji nusgasyny özüne siňdiren maddy-ruhy gymmatlyklarymyz, asyrlardan şu günlere öz gymmatyny, milli öwüşginini ýitirmän sarpalanyp gelýär. Sebäbi bu mukaddes toprak bahasyna ýetip bolmajak şan-şöhraty dünýä dolan behişdi bedewlerimiziň, dünýä ýüzüni haýrana goýýan nepis halylarymyzyň, zergärçilik, külalçylyk sungatynyň özboluşly örňän, ýedi yklyma ýaýran mekanydyr. Halkymyzyň mukaddeslik derejesinde eý görýän millilige, ynsanperwerlige, ýagşylyga ýugrulan maddy-ruhy gymmatlyklarymyzy öwrenmek, dünýä ýaýmak, dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek döwlet syýasatymyzyň möhüm ugurlarynyň biridir. Dünýä ýüzünde sungat derejesinde sarpalanyp, halkymyzyň buýsanjy bolan Türkmen halysynyň hormatyna bagyşlanyp geçirilýän dabaraly çäreler Mary welaýatynda hem ruhy joşguna beslenilip bellenilip geçirilýär. Ýaňy-ýakynda hem Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Baýramaly etrap komitetiniň gurnamagynda  Mary çeper halyçylyk kärhanasynyň Baýramaly önümhanasy dabaraly çäre geçirildi. “Türkmen halysy milli buýsanjymyz” ady bilen geçirilen bu dabara ýaşuly nesliň wekilleri, mährem eneler, çeper elli halyçy gelin-gyzlar, bilim, saglyk, medeniýet ulgamynyň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Bu dabaraly maslahatda milli lybasda geýnen ene-mamalarymyz, gelin-gyzlarymyz özleriniň zehin döredijiliginden, ukyp başarnyklaryndan döreden el işlerini, kürtedir çabyt, keteni, tara, don, çäkmen, türkmen haly we haly önümleriniň birnäçe görnüşlerini düýp halylary, pendi gölli halylary, haly torbalary sergilemekleri, gadymdan galan nusgalaryň giňişleýin açylyp görkezilmegi dabara gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy. Milli gymmatlyklarymyzyň asyl we häzirki zaman nusgalaryny açyp görkezýän bu dabarada çeper elli gelin-gyzlar öz aralarynda edýän el işleriniň, türkmen halylarynyň waspyny edýän ajaýyp goşgulary, Gahryman Arkadagymyzyň halkymyza peşgeş beren “Janly rowaýat”, “Arşyň nepisligi” atly ajaýyp kitaplaryndan pähim-paýhasa ýugrulan rowaýatlary, sahna eserleri janlandyrdylar. Dabaranyň dowamynda halkymyzyň göz guwanjy bolan  nepis halylaryň, milli el işleriniň waspyny ýetirýän şirin owazly aýdymlaryň ýaňlanylmagy, “Halyçy gelin” atly tans eseriniň görkezilmegi dabaranyň şowhunyny has-da belende göterdi. Bu maslahatda çykyş edenler dünýä ýüzüni haýrana goýan halyçylyk sungatymyzyň ÝUNESKO-nyň adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegi mynasybetli täsirli gürrüňleri etdiler.  Dabaranyň ahyry  halkymyzy eşretli durmuşda, bagtly günlerde ýaşadýan, dünýä ýüzi hyrydar bolan milli gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagy, goralmagy we geljekki nesillere miras goýulmagy ugrunda bimöçber işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza bolan çäksiz alkyşlary, sag bolsunlary bilen jemlendi. 

Ýazgül GANDYMOWA,

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň,
Baýramaly etrap komitetiniň hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok