«Belavia» uçarlary indi Balkanabat şäherine gonýar!

Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde abatlaýyş işleriniň geçirilýänligi sebäpli Belarus awiakompaniýasynyň «Belavia» uçarlary wagtlaýyn Türkmenbaşy şäherinden 150 km uzaklykda ýerleşýän Balkanabat halkara howa menziline gonýar.

Ýeri gelende belläp geçsek, Balkanabatdaky Halkara howa menzili şu ýylyň 2-nji maýynda açyldy.

«Belavia» häzirki wagtda sişenbe we ýekşenbe günleri Türkmenistana uçýar. Minsk – Balkanabat ugry boýunça ilkinji uçuş 20-nji maýda sişenbe güni amala aşyryldy.

Şu ýylyň 4-8-nji awgust aralygynda Awaza milli syýahatçylyk zolagynda BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriniň III maslahaty geçiriler. Şol sebäpli hem Türkmenbaşynyň halkara howa menzilinde düýpli abatlaýyş işleri geçirilýär. Abatlaýyş işleriniň awgust aýyna çenli dowam etmegine garaşylýar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok