XXI asyr ykdysady ösüşde düýpli özgertmeleriň amala aşyrylýan döwrüdir. Tehnologiýalaryň tiz ösüşi, maglumatlara we bilime esaslanýan bazar gatnaşyklary häzirki zaman ykdysadyýetiniň täze görnüşini – innowasion ykdysadyýeti döredýär. Innowasion ykdysadyýet diňe bir önümçilikde däl, eýsem jemgyýetiň ähli ugurlarynda täzeçillige, bilimli we döredijilikli işçi güýjüne, täze tehnologiýalaryň iş ýüzünde ornaşdyrylmagyna daýanýar. Bu ykdysady model häzirki wagtda dünýäniň ösen döwletleriniň ösüş strategiýasynyň esasy ugruna öwrüldi.
“Innowasiýa” diýen düşünje “täzelik” ýa-da “täze pikirleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi” diýmekdir. Innowasion ykdysadyýet bolsa şeýle täzeçillikleri ykdysadyýetiň ähli ulgamlaryna ornaşdyrmak arkaly ösüş gazanýan ulgamdyr. Bu ykdysadyýetiň esasy aýratynlygy, girdeji çeşmesiniň diňe çig maldan we zähmetden däl, eýsem ylmy açyşlardan, pikir döredijiliginden we tehnologiýalardan gelip çykmagydyr.
Innowasion ykdysadyýetde döredijilikli pikirleriň ykdysady gymmatlyga öwrülmegi esasy orny eýeleýär. Täze önümçiligiň döredilmegi, hyzmatlaryň kämilleşdirilmegi, işewürligiň täze usullarynyň ornaşdyrylmagy arkaly ykdysady ösüş gazanylýar.
Häzirki zaman innowasion ykdysadyýetiň beýleki ykdysady ulgamlar bilen tapawutlanýan birnäçe alamatlary bar:
1. Täzelikleriň döredilmegi we ornaşdyrylmagy – ylmy barlaglaryň we täze pikirleriň önümçilige girizilmegi arkaly ykdysady ösüş gazanylýar.
2. Bilim we intellektual mümkinçilikleriň gymmatlylyk hökmünde ulanylmagy – ýokary bilimli işgärleriň döredijilikli zähmeti esasy serişdä öwrülýär.
3. Innowasion infrastruktura – tehnoparklary, ylmy-barlag institutlary, biznes inkubatorlar ýaly düzümleriň döremegi.
4. Sanly ykdysadyýete geçiş – maglumat tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy netijesinde dolandyryş, önümçilik we hyzmatlar sanly esasda ösdürilýär.
5. Döwlet tarapyndan goldaw – innowasion taslamalara berilýän ýeňillikler, maliýe goldawy we düzgünleşdiriş hukuk binýady döredilýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň ykdysadyýetinde hem innowasiýalaryň orny barha artýar. Sanly ykdysadyýeti ösdürmek, kiçi we orta telekeçiligi goldamak, täze tehnologiýalaryň önümçilige ornaşdyrylmagy ýaly ugurlar döwlet syýasatynyň ileri tutulýan maksadyna öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyna, ylmy barlaglara, ýaşlaryň döredijilikli pikirlerini goldamaga aýratyn üns berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň ykdysady ösüşini uzak möhletleýin esasda üpjün etmek bilen, innowasion ykdysadyýete geçmek üçin berk binýady döredýär.
Innowasion ykdysadyýet – häzirki döwrüň ösüşiň täze modeli bolup, oňa geçmek ykdysadyýetiň durnukly ösmegini, jemgyýetiň abadançylygyny we ilatyň ýaşaýyş derejesiniň ýokarlanmagyny üpjün edýär. Täzelikleriň döredilmegi, ylmyň we tehnologiýanyň üstünlikleriniň önümçilige ornaşdyrylmagy arkaly ýurtlar ykdysady kuwwatyny artdyrýarlar. Şoňa görä-de, innowasiýalara daýanýan ykdysady ösüş Türkmenistanyň hem geljekki ösüşiniň möhüm ugrudyr.
Elina WELMYRADOWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiyasynyň magistry.
Teswirler