Döwlet edaralarynda innowasiýalaryň dolandyrylyşy

Häzirki zaman jemgyýetinde döwlet edaralarynyň öňünde durýan esasy wezipelerden biri döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly dolandyryş işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmakdyr. Sanly özgertmeleriň we innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy döwlet gulluklarynyň netijeli işlemegine, raýatlara edilýän hyzmatlaryň hiliniň ýokarlanmagyna we döwlet ulgamynyň aç-açanlygyny üpjün etmäge gönükdirilýär.

Innowasiýa, esasanam sanly tehnologiýalara esaslanýan täze çözgütleriň döwlet edaralarynyň gündelik işine ornaşdyrylmagydyr. Elektron hökümet, sanly hyzmatlar, maglumat ulgamlary we emeli intellekt ýaly mümkinçilikler häzirki wagtda dünýäniň köp döwletinde giňden ulanylýar. Türkmenistan hem bu ugurda öz sanly ykdysadyýet konsepsiýasyny durmuşa geçirip, elektron hökümet, açyk maglumat platformalary, elektron resminama dolanyşygy ýaly taslamalary giňeltmäge uly üns berýär.

Döwlet dolandyryşynda innowasiýalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin birnäçe möhüm şertler bardyr: strategiki meýilleşdiriş, hukuk taýdan düzgünleşdirmek, maliýe serişdeleriniň üpjünçiligi, döwlet işgärleriniň taýýarlygy we tehnologiýa binýadynyň üpjün edilmegi. Şeýle hem, halkara tejribelerden peýdalanmak we döwlet-hususy hyzmatdaşlygyny ösdürmek bu ugurda öňe gitmegiň täsirli ýollary bolup durýar.

Bilim ulgamynda hem innowasiýalaryň ornaşdyrylmagy aýratyn möhüm ähmiýete eýe. Sanly okuw platformalary, interaktiw metodikalar we täze pedagogiki çemeleşmeler bilen bilim berlişiň derejesi ýokarlanýar. Munuň netijesinde döwrebap nesil taýýarlanylýar we jemgyýetiň intellektual ösüşine goşant goşulýar.

Şeýlelikde, döwlet edaralarynda innowasiýalaryň dolandyrylyşy diňe tehniki çäre bolman, eýsem döwlet dolandyryşynyň ähli ugurlaryny öz içine alýan toplumlaýyn özgertme bolup çykyş edýär. Innowasiýalaryň giňden we maksada laýyk ornaşdyrylmagy Türkmenistanda döwlet dolandyryşynyň döwrebaplaşmagyna, ykdysady ösüşe we jemgyýetiň durmuş hiliniň ýokarlanmagyna hyzmat edýär.

Amanmuhammet LÖLLEKOW,

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň
magistrleri taýýarlamak okuwynyň
Döwlet dolandyryş ugrunyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok