Bilimli nesil bilen beýik maksatlara tarap

Her bir halkyň ösüşi, döwletiniň gülläp ösmegi ilkinji nobatda onuň bilim ulgamynyň kämillik derejesi bilen berk baglanyşyklydyr. Bilim – halkyň ruhy baýlygy, jemgyýetiň intellektual güýjüdir. Ylym bolsa ösüşiň, täzeçilikleriň we tehnologiýalaryň esasydyr. Bu iki bölek jemgyýetiň ösüşiniň aýrylmaz binýadydyr.

Türkmen halky gadym döwürlerden bäri ylma we bilime uly ähmiýet beripdir. Alymlar – Mahmyt Zamahşary, Biruni, Faraby, Abu Seýit Abul-Haýyr, Alyşir Nowaýy ýaly beýik şahsyýetler diňe bir türkmen dünýäsi üçin däl, eýsem, tutuş adamzat üçin nusgalyk ylmy miras galdyrypdyrlar. Bu gün bolsa, Garaşsyz we hemişelik Bitarap Türkmenistan döwleti ýaş nesliň ylym-bilim ulgamynda ösdürilmegine döwlet derejesinde uly ähmiýet berýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilim ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyny döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugruna öwürdi. Ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdepleriniň, orta bilim ojaklarynyň, ýöriteleşdirilen okuw merkezleriniň açylmagy, halkara derejesindäki ylmy hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi – bularyň hemmesi ýaşlaryň giň dünýägaraýyşly, döredijilikli we hünärli kämil şahs hökmünde kemala gelmegine mümkinçilik döredýär.

Ylym jemgyýetiň ösüşiniň esasy özenidir. Häzirki zaman ylmy diňe bir täze maglumatlary toplamak bilen çäklenmän, jemgyýetiň öňünde duran möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilýär. Ýurdumyzda ýaş alymlara, aspirantlara, magistrlere döredilýän mümkinçilikler – ylmy barlaglaryň gerimini giňeldýär. Tehnologiýalaryň ösýän döwründe innowasiýalara esaslanýan ylmy işler ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda peýdalanylýar.

Bilim arkaly adam özüni tanap başlaýar, dünýägaraýşy giňelýär, täze ukyplar ýüze çykýar. Bilim diňe okuw jaýynda däl, eýsem, durmuş tejribesi arkaly hem ösdürilýär. Şonuň üçin häzirki wagtda ýurdumyzyň bilim strategiýasy ýaşlaryň diňe bir okuw kitaplaryna bagly bolman, amaly işlerde hem kämilleşmegine gönükdirilýär.

Ylym we bilim jemgyýetiň ruhy hem-de ykdysady ösüşiniň esasydyr. Watanymyzyň bagtyýar geljegi, döwletimiziň ösüşi, ýaş nesliň bilimli, döredijilikli we watansöýüji bolmagy bilen baglydyr. Şonuň üçin hem ylymly, bilimli nesil – halkymyzyň buýsanjy, Watanymyzyň geljeginiň berk binýadydyr.

Äşe ÇARYÝEWA,

Aşgabat şäheriniň 78-nji ýöriteleşdirilen
orta mekdebiniň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok