Okuw ýylyny üstünlikli jemleýäris

Bilşimiz ýaly, 2024-2025-nji okuw ýyly hem üstünlikli jemlenip barýar. Ýurdumyzyň ähli bilim-terbiýeçilik edaralary bilen birlikde Mary welaýatynyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda hem okuw ýyly täsirli pursatlara, zähmet ýeňişlerine, döredijilik üstünliklerine baý boldy. Körpe nesliň milli we döwrebap terbiýesini, irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny gazanmakda, pedagogik işgärleriň hünär taýýarlygyny ýokarlandyrmakda netijeli işleri bilen tapawutlanan welaýatymyzyň çagalar bakja-baglarynyň käbir pedagogik işgärleriniň ýürek buýsançlaryny ýazgy edip saýtyň okyjylary bilen paýlaşmagy makul bildik.

Gülşat HOJANIÝAZOWA,

Türkmengala etrabynyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 8-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

— Bu okuw ýyly biziň çagalar bakja-bagymyzda hem birnäçe terbiýeçilik çäreleri, usuly işler we beýleki guramaçylyk wezipeler üstünlikli ýerine ýetirildi. Ýeri gelende bellesek, çagalar bakja-bagymyzyň aýdym-saz ýolbaşçysy Gülälek Akmyradowa «Ýylyň aýdym-saz mugallymy» atly bäsleşigiň welaýat tapgyrynda Baş baýraga mynasyp boldy. Aýdym-saz sungaty, çagalara okuw maksatnamasy esasynda aýdym-saz sapaklaryny okatmagyň usulyýeti bilen bagly döredijilik işleri, taslamalary we esbaplary, usuly gollanmalary we işjeň zähmeti bilen bu bäsleşikde abraýly orun eýelemegi ähli bilim işgärlerini täze üstünliklere höweslendirdi. Çagalar bakja-bagymyzyň iňlis dilini çuňlaşdyryp öwretmekde tejribe toplamagynda etrap bilim bölüminiň hünärmeni Ogulaman Orazmyradowanyň usuly kömek we hünärmenlik maslahatlaryny berýändigini hem bellemek gererk.  Hünärleri kämilleşdirmekde we körpe nesli mynasyp kemala getirmekde mundan beýläk hem netijeli işlemäge ruhlanýarys.

Sähra AKMYRADOWA,

Mary etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

— Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda jemlenýän ýene-de bir okuw ýyly biziň çagalar bakja-bagymyzda hem ýatdan çykmajak wakalar köp boldy. Baýramçylyk säherlikleri, bäsleşikler, gyzyklanma we göwnaçma çäreleri we beýleki meýilnamalaýyn işler üstünlikli ýerine ýetirildi. Bu okuw ýylynda terbiýeçimiz Maýagözel Ýazmyradowanyň zähmet çekýän topar otagy «Iň gowy topar otagy» atly bäsleşikde ýeňiş gazanyp, biziň begenjimizi artdyrdy. Bu topar otagynyň degişli talaplara laýyklykda saklanmagy, bezeg işleriniň talabalaýyklygy, okuw we dynç alyş otaglarynyň, oýun burçlarynyň we diwarlyklarynyň döwrebaplygy çagalara berilýän bilim-terbiýäniň ýokary hilli bolmagyna täsir edýär. Şeýle ajaýyp we döwrebap çagalar bakja-baglarynda we ýagty, arassa topar otaglarynda işlemek, körpe nesilleri sagdyn we sowatly ruhda kemala getirmek ugrunda çekýän zähmetimizden hemişe lezzet alýarys.

Gunça HUDAÝGULYÝEWA,

 Baýramaly etrabynyň 9-njy çagalar bakja-bagynyň müdiri:

— Biziň çagalar bagymyzda hem bu okuw ýylynda usuly işlerde aýratyn üstünlikler gazanyldy. Terbiýeçi-usulyýetçimiz Suraý Ýalkabowanyň «Ýylyň terbiýeçi-usulyýetçisi-2025» bäsleşiginde welaýat derejesinde baýrakly orun gazanmagy biziň ählimizi begendirdi. Terbiýeçi-usulyýetçiniň terbiýeçiler, aýdym-saz ýolbaşçylary, daşary ýurt dili mugallymlary bilen bilelikde sazlaşykly işlemegi bakja-bagynda öňdebaryjy iş tejribäniň netijeli öwrenmeginde, halypa-şagirtliklik gatnaşyklaryny ösdürmekde, usuly otagy enjamlaşdyrmakda has-da kämilleşmäge itergi berýär. Ýurdumyzda pedagogik işgärleriň hünärlerini kämilleşdirmäge gönükdirilen ajaýyp mümkinçilikler bolsa mundan beýläk hem yhlasly we netijeli zähmet çekmäge höweslendirýär.

Jumagül BERDIJUMAÝEWA,

Tagtabazar etrabynyň 15-nji çagalar bakja-bagynyň müdiri:

— Biz hem çagalar bakja-bagymyzda 2024-2025-nji okuw ýylynyň ýyllyk iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirdik. Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmekde hem bu okuw ýylynda täze tejribeler öwrenildi we usulyýete ornaşdyryldy. Pedagogik geňeşler, usuly sagatlar, önümçilik maslahatlary, ata-eneler ýygnaklary we beýleki çäreler okwu-terbiýeçilik işleriniň has-da kämilleşdirilmegine itergi berdi. Häzir bolsa tomus sagaldyş möwsümine ýokary derejede taýýarlyk görüldi. Biz geljek-de hem ata Watanymyzyň röwşen geljegi üçin uly aladalar edilýän eşretli eýýamda yhlasly zähmet çekmäge borçlanýarys.

Taýýarlan: Ogulgerek ANNAGELDIÝEWA,

Mary welaýat Baş bilim müdirliginiň baş hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok