Uçarman bolmak üçin okuwa kabul edişlik başlandy!

«Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti dalaşgärleri öňünden saýlap seçmek arkaly, dowamlylygy 4 ýyl bolan uçarman käri boýunça Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetine kabul edişlik yglan edýär!

Dalaşgärleri saýlap almaklygyň tertibi:

1. Okuwa Türkmenistanyň raýatlylygy bolan, saglyk ýagdaýy «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkeziniň uçarmanlara bildirilýän (ICAO-nyň) talaplaryna laýyk gelýän, (barlaglardan 15 günüň dowamynda geçmeli), umumy orta bilimden pes bolmadyk bilimli, ýaşy 25-den geçmedik oglanlar (harby şahadatnamasy bolan) giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

2. Okuw «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlangyç söhbetdeşliginden, Türkiýe Respublikasynyň Awiasiýa birleşiginiň uniwersitetiniň wekilleriniň söhbetdeşliginden (synag) we Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherindäki lukmançylyk toparlarynyň barlaglaryndan soň başlanýar.

Okuwyň möhleti 4 ýyl.

Resminamalar bildirişiň çap edilen gününden başlap 15.07.2025 senä çenli kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

— şahsy pasporty (asyl we göçürme nusgasy);

— harby şahadatnamasy (asyl we göçürme nusgasy);

— umumy orta, orta-hünär we ýokary bilim barada resminama (asyl we göçürme nusgasy);

— «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Aşgabat halkara howa menziliniň Lukmançylyk merkezi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;

— narkologik hem-de psihonewrologik dispanserlerden güwähat;

— soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;

— 3×4 sm ölçegde sekiz sany fotosurat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;

— mekdep okuwçylary dersler boýunça döwlet bäsleşigine, şeýle hem umumy bilim dersleri boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, ýeňiji bolan bolsa, bu ýagdaýy tassyklaýan resminamalarynyň nusgasyny tabşyrýarlar.

Nädogry berlen maglumatlar we resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary iňlis dili (iňlis dilinde gürleşip, ýazyp, okap bilmek), matematika we fizika (bu dersler boýunça goşmaça geçilen okuwlaryň şahadatnamalary makullanýar) derslerinden geçirilýär. Beýleki daşary ýurt dil bilimi makullanýar.

Giriş synaglary 21.07.2025 — 10.08.2025 sene aralygynda Aşgabat şäherinde, «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Howa ulaglarynyň işgärlerini taýýarlaýan mekdebinde geçirilýär.

Bellik: Ähli synaglardan geçen dalaşgärler bilen daşary ýurt döwletleriniň ýokary okuw mekdeplerinde okamak barada üçtaraplaýyn (awiakompaniýa, talyp we zamunçy) şertnama baglaşylýar. Şertnama laýyklykda, talyp okuw degişli ýokary okuw mekdebini üstünlikli tamamlap, işe başlanyndan soň Awiakompaniýada okan hünäri boýunça 10 ýyl işläp bermeklige borçlanýar. Okuw üçin tölegler Awiakompaniýanyň hasabyna alnyp barylýar. Okuwdan daşary (wizany resmileşdirmek, saglyk ätiýaçlandyryş, günlük we iýmit, kommunikasiýa, şeýle hem okuw döwründe ýol üçin) çykdajylary dalaşgäriň hasabyna ýerine ýetiriljekdir.

Resminamalar şu salgy boýunça kabul edilýär:

Aşgabat şäheri, A.Annaýew köçesi, «Türkmenistan» awiakompaniýasy» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti.

Telefon belgileri: 23-47-88; 23-02-61.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok