Türkmen ýaşlary II halkara bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler

2025-nji ýylyň 14-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda halkara bäsleşigiň netijeleri jemlendi. Bu bäsleşik Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen yglan edilen “2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” bilen baglylykda geçirilip, ýurdumyzyň ýaşlarynyň halkara derejesindäki üstünliklerini giňden şöhlelendirdi.

“Türkmenistanyň daşary syýasaty we diplomatiýasy: parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk” atly halkara ylmy-amaly maslahatda, ýaşlaryň halkara gatnaşyklary, diplomatiýa, ykdysady we medeni hyzmatdaşlyk ugurlaryndaky pikirleri uly gyzyklanma döretdi. Maslahatda daşary ýurtlaryň 11-sinden gelen ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyp ýaşlary işjeň çykyş etdiler.

Bu halkara bäsleşigiň esasy pursatlarynyň biri hem “Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti” atly II halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy boldy. Bäsleşige gatnaşyjylar jemi 110 medal gazandylar. Şolaryň arasynda Türkmenistanyň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyplary 2 altyn we 3 kümüş medala mynasyp bolup, türkmen ýaşlarynyň halkara derejesindäki taýýarlygynyň we ukyp-başarnygynyň ýokarydygyny nobatdaky gezek subut etdiler.

Dabara döredijilik bilen utgaşdy: institutyň talyplary tarapyndan gurnalan aýdym-sazly çykyşlar dabaranyň ruhuny belende galdyrdy. Bu çäre diňe bir ýaşlaryň halkara üstünliklerini şöhlelendirmek bilen çäklenmän, eýsem, ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini dünýä ýaýmakdaky işjeňligini hem görkezdi.

Intizar TAGANNYÝAZOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok