Ýurdumyzda galla hasylyny ýygnamak işlerine taýýarlyk görülýär

Türkmenistanda galla oragy diňe bir oba hojalygyň däl, eýsem halk hojalygynyň ähli ugurlary bilen gönüden-göni baglanyşykly möhüm möwsümdir. Her ýyl meýdanlarda öndürilýän bugdaý hasyly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmek bilen birlikde, içerki bazaryň durnuklylygyny hem berkidýär.

2025-nji ýylyň orak möwsümini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin ýörite düzüme eýe bolan guramaçylyk topary döredildi. Bu toparyň esasy wezipeleri hasyly ýygnamak işleriniň yzygiderli alnyp barylmagyny üpjün etmek, däne hasylyny wagtynda we ýitgisiz ýygnamak, şeýle hem ony kabul ediş nokatlaryna, ammarlara we elewatorlara bökdençsiz daşamak bilen baglanyşykly meseleleri çözmekden ybaratdyr.

Galla oragy döwründe ýerli şertlere laýyklykda, ähli welaýatlarda kombaýnlar we beýleki oba hojalyk tehnikalary meýdan işlerine taýýarlanylýar. Şeýle-de, olaryň abatlaýyş hyzmatlary ýerinde döredilýär we ätiýaçlyk şaýlarynyň üpjünçiligi ýola goýulýar. Munuň bilen birlikde, ulag-logistika hyzmatlarynyň netijeliligine aýratyn üns berilýär.

Şeýle-de, 2024-nji ýylyň hasylyndan başlap, bugdaýyň bir tonnasynyň döwlet satyn alyş bahasy 2,000 manat möçberinde bellenildi. Bu çözgüt önüm öndürijileri ykdysady taýdan höweslendirmek bilen bir hatarda, olaryň zähmetiniň gymmatlylygynyň has-da ýokarlanmagyna mümkinçilik döredýär.

Şeýle bahalandyrma bilen daýhanlaryň öndürijiligine itergi berilýär, olar üçin has amatly ykdysady şertler döredilýär.Bugdaýyň hilini we hasylyny ýokarlandyrmak üçin oba hojalygynda döwrebap tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Tohumçylyk bilen bagly işler kämilleşdirilýär, dökünleriň ulanylyşy ylmy esasda guralýar. Şeýle-de, oba hojalyk kärhanalarynyň we hususy önüm öndürijileriň arasyndaky hyzmatdaşlyk giňeldilýär.

Oguljan Amanguliýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen obahojalyk uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok