TESC 2025: Durnukly ösüşe tarap halkara ädim

Häzirki zaman dünýäsi ekologiýa taýdan durnukly ösüşi öňe sürýän täze çözgütlere we hyzmatdaşlyga uly üns berýär. Uglewodorod serişdeleriniň önümçiligi dünýä energiýa ulgamynyň möhüm bölegi bolup galýarka, onuň daşky gurşawa ýetirýän täsirlerini azaltmak häzirki döwrüň öňdebaryjy wezipeleriniň biri hökmünde öňe çykýar.

Şu nukdaýnazardan, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda – Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününde – Aşgabatda geçiriljek halkara ylmy-amaly maslahat aýratyn ähmiýete eýedir. “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri” atly forum (TESC 2025) bu ugurda halkara tejribeleri jemlemäge we pikir alyşmaga giň mümkinçilik döreder.

Maslahat Türkmenistanyň nebit-gaz toplumynyň esasy düzümleri bolan “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň baştutanlygynda guralýar. Çäräniň şygary – “Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa” – energetika ulgamyndaky ekologik jogapkärçiligiň öňe çykarylyşyny görkezýär.

Bu forum diňe bir ylmy pikir alyşmak meýdançasy bolman, eýsem, innowasion tehnologiýalaryň uglewodorod senagatynda ekologiýa taýdan näderejede netijeli ornaşdyrylyp bilinjekdigi barada hem giň çemeleşmäni görkezmäge niýetlenendir.

Maslahata halkara derejesindäki guramalaryň – BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy, Halkara energetika agentligi we IRENA ýaly düzümleriň wekilleri çagyryldy. Şeýle-de, döwlet edaralarynyň, ylmy institutlaryň, işewür düzümleriň we ekologik ugruň aktiw wekilleriniň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.

Bu çäre halkara hyzmatdaşlygyny berkitmek, tejribe alyşmak we ekologik çözgütleri durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleriň kesgitlenmegi üçin möhüm platforma bolup çykyş eder.

Geçen ýylky forumyň çäklerinde 31 ýurtdan 250-den gowrak wekiliň gatnaşandygy göz öňünde tutulanda, TESC 2025 maslahatynyň halkara derejesindäki täsiriniň has giň gerime eýe bolmagyna garaşylýar. Şol çäräniň netijeleri ýaly, häzirki maslahat hem daşky gurşawy goramak bilen baglanyşykly täze başlangyçlaryň we ylalaşyklaryň döremegine itergi berer.

Osmanmyrat SAPBYÝEW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok