Döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileri sylaglandy

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýerleşýän “Magtymguly Pyragy” muzeýiniň mejlisler jaýynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly şygryýet we «Owadan ýazuw» atly bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Çärä döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, halypa şahyrlar, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda ýeňijilere gymmat bahaly sowgatlar, hormat hatlary gowşuryldy. Çykyş eden ýaşlar döredijilik mümkinçilikleriniň goldanylýandygyna buýsanç bilen nygtadylar.

Her ýyl geçirilýän bu bäsleşigiň Magtymguly Pyragynyň doglan topragynda geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Bu ýyl bäsleşige 100-den gowrak ýaş gatnaşyp, eminler topary tarapyndan 32 iş ýeňiji hökmünde saýlanyldy.

Şeýle-de döredijilikli çykyşlary bilen tapawutlanan birnäçe ýaş höweslendiriji baýraklar bilen sylaglanyldy. Bu çäre ýaşlaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmakda we ösdürmekde möhüm ähmiýete eýedir.
Has giňişleýin maglumat üçin şu ýere basyň.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok