Täze taryhy döwrümiziň her bir güni şöhratly wakalara, beýik ösüşlere, toý-baýramlara beslenýär. Şunda milli medeniýetimiz hem, aýdym-saz sungatymyz hem döwrebap derejede galkynýar, dünýä ýaýylýar. Häzirki wagtda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli eziz Diýarymyzyň ähli künjeklerinde medeniýet, sungat wekilleriniň gatnaşmaklarynda dürli aýdym-sazly dabaralar, estrada aýdymçylarynyň konsertleri ýokary derejede geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň taýýarlan hasabat konsertiniň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.
Çykyşlaryň dowamynda türkmen kompozitorlarynyň hem-de daşary ýurtly aýdymçylaryň halkymyz tarapyndan söýlüp diňlenilýän eserleri dabara gatnaşyjylaryň dykgatyna ýetirildi. Hususan-da, daşary ýurt kompozitorlary Wolfgang Mosartyň, Pýotr Çaýkowskiýniň, Dimitriý Şostakowiçiň, Maria Poluň we beýleki meşhur sungat ussatlarynyň nusgawy eserleridir estrada aýdymlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Aýdymçy ýaşlaryň daşary ýurt dillerinde ýerine ýetiren aýdymlary, tans toparlarynyň milli we halk tanslary tomaşaçylarda has-da täsir galdyrdy. Maýagözel Amangeldiýewanyň dirižýorlyk etmeginde ýaňlanan akapella owazlary bolsa sungat muşdaklaryny bendi etdi.
Konsertleriň dowamynda höwesjeň ýaşlar operalardan, kinofilmlerden meşhur aýdymlary, şeýle hem meşhur türkmen kompozitorlary Nury Halmämmedowyň, Rejep Rejebowyň, Daňatar Öwezowyň eserlerini ýerine ýetirdiler. Ýürekleriň töründe orun alan şeýle ajaýyp aýdymdyr sazlar konserte gatnaşyjylarda aýratyn täsir galdyrdy. Hasabat konsertiniň jemleýji pursatynda Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlary beýan edýän aýdymlaryň konserte gatnaşyjylar bilen bilelikde ýerine ýetirilmegi dabaralaryň şowhunyny has-da belende göterdi.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen medeniýetinde we sungatynda parahatçylygyň, dost-doganlygyň owazy belent ýaňlanýar. Bu ugurda taýsyz tagallalar edýän Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ogulsona HAÝDAROWA,
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli
konserwatoriýasynyň ýanyndaky
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň
“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň mugallymy.
Teswirler