2025-nji ýylyň 12-nji maýynda Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynda «Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigiň resmi açylyş dabarasy geçirildi. Oňa daşary ýurtlaryň 9 ýokary okuw mekdebinden 29 we Türkmenistanyň 23 ýokary okuw mekdebinden 115 talyp gatnaşdy.
Bäsleşik Türkmenistanyň sanly bilim we ylym strategiýalarynyň, ýaş zehinleri ýüze çykarmak, halkara hyzmatdaşlygy giňeltmek ýaly maksatlaryna laýyklykda geçirilýär. Oňa Russiýanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Hytaýyň, Özbegistanyň we ABŞ-nyň abraýly uniwersitetleriniň wekilleri gatnaşýarlar.
«Halkara gatnaşyklary: parahatçylyk dialogynyň medeniýeti» atly II halkara bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan tassyklanan «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasynda», «Türkmenistanda tebigy we takyk ylymlary ösdürmegiň Döwlet maksatnamasynda», «Türkmenistanda ylym ulgamyny ösdürmegiň 2024–2052-nji ýyllar üçin Strategiýasynda» we döwlet derejesinde kabul edilen beýleki degişli resminamalarda ylym-bilim işgärleriň öňünde goýlan wezipeleri amala aşyrmaga, ýaş zehinleri ýüze çykarmak we goldamak, ýaşlaryň medeni hyzmatdaşlygyny, daşary ýurtly ugurdaş hünärmenler bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak hem-de halkara ýaşlar hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen wezipelerden ugur alýar.
Dabaranyň öňüsyrasynda milli gymmatlyklara bagyşlanan sergi guraldy, açylyşda bolsa institutyň talyplary tarapyndan edebi-sazly çykyş ýerine ýetirildi. Bäsleşik 14-nji maýa çenli dowam eder.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler