Magtymguly Pyragynyň dogduk obasyna gezelenç guraldy

«Halkara parahatçylyk we ynanyşmak» ýyly mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň, «Nesil» we «Biznes reklama» gazetleriniň bilelikde guramagynda «Berkarar döwletiň ylham joşguny» atly döredijilik bäsleşigi we «Owadan ýazuw» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.

Bu dabara tamamlanandan soň, tanymal ýazyjy-şahyrlar hem-de ýaş žurnalistler Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyna bardylar. Günüň ikinji ýarymynda geçirilen konsert, sergi we döredijilik duşuşyklary ýaşlara ruhy täsir etdi we olaryň döredijilik ukybyny ösdürmäge ruhlandyrdy.

Çäreleriň dowamynda gatnaşyjylar Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän muzeýe gezelenç etdiler. Muzeýde görkezilen taryhy gymmatlyklar — Pyragynyň gyz doganyna sowgat getiren çäýnegi hem-de Meňli gyza niýetlän ýüzügi uly gyzyklanma döretdi.

Sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdym-sazly çykyşlary hem myhmanlara ýatdan çykmajak pursatlary bagyş etdi. Saparyň dowamynda gatnaşyjylar etrabyň taryhy we tebigy gözelliklerini hem synladylar.

Ýakymly täsirlere baý bolan çärelere gatnaşanlar zehinli ýaşlary ýüze çykarmaga, şunuň ýaly döredijilik bäsleşiklerini geçirmäge giň mümkinçilikleri döredip berýändigi üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň adyna tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini beýan etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok