Türkmen ýaşlarynyň elektron neşiri «Arkadagly Ýaşlar» žurnalynyň aprel sany okyjylara ýetirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Neşir Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň ýanynda döredilipdi. Žurnalyň täze sanynda, «Ýaňlansyn parahatlyk aýdymy!» atly makalanyň arasynda ýaşlaryň hukuklaryny goraýan kanunlar, Türkmenistanyň parahatçylyk taglymaty we BMG bilen bolan gatnaşyklarynyň ähmiýeti barada gürrüň berilýär. Şeýle-de, «Ýaşlar we parahatçylyk diplomatiýasy» atly makalada, ýaşlaryň halkara parahatçylyga goşýan goşandyny beýan edýär.
«Ynsanperwerligiň belent nusgasy» atly makalada Gahryman Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda, mätäç çagalara ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlarynyň üpjün edilýändigi, şeýle hem milli sungatymyzyň parahatçylygy berkitmekdäki orny aýdylýar.
Žurnalyň soňky sahypalarynda, Awazada geçiriljek BMG maslahatynyň ähmiýeti we sportuň parahatçylygy berkitmekdäki roly baradaky maglumatlar hem bar. Ahyrky sahypada, maý aýyna degişli täleýnama we «Ýaş waspçy» bäsleşiginiň ýeňijisi barada maglumatlar berilýär.
Ogulgerek MYŞŞYÝEWA,
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň
19-njy orta mekdebiniň başlangyç synp mugallymy.
Teswirler