Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli, 2025-nji ýylyň 5-nji iýunynda Aşgabat şäherinde “Uglewodorod ýataklaryny özleşdirmekde innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmagyň ekologik jähtleri” atly halkara ylmy-amaly maslahat (TESC 2025) geçiriler.
Bu maslahat innowasiýalar boýunça tejribe alyşmak, ekologik taýdan durnukly energetika ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin halkara derejesindäki möhüm meýdança hökmünde çykyş eder. Çäräni “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleri gurnaýarlar. Maslahatyň şygary — “Ygtybarly, durnukly, arassa energiýa” — Türkmenistanyň ekologiýa taýdan jogapkär energetika ösüşine ygrarlydygyny görkezýär.
Maslahata BMG, ÝHHG, Bütindünýä banky, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky, Aziýanyň ösüş banky, Gazy eksport edýän ýurtlaryň forumy, Halkara energetika agentligi we IRENA ýaly iri halkara guramalaryň wekilleri gatnaşmaga çagyryldy. Şeýle hem döwlet edaralarynyň ýolbaşçylary, alymlar, işewür toparlaryň wekilleri we ekologiýa bilen baglanyşykly meselelerde çykyş edýän taraplaryň gatnaşmagyna garaşylýar.
TESC 2025 maslahatynda uglewodorod serişdeleriniň çykarylyşynda daşky gurşawa ýetirýän täsirleri azaltmak boýunça anyk başlangyçlar we çözgütler ara alnyp maslahatlaşylar. Geçen ýylky forumda 31 ýurtdan 250-den gowrak wekiliň gatnaşandygyny bellemeli.
Sara ATALYKOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler