Edep – terbiýe — altyn hazyna

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýaş nesliň bagtyýar ýaşamagy, bilimli, hünärli bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär. Ýaşlara döredilýän bu giň mümkinçilikleriň netijesinde, olar döwrebap bilim ojaglarynda okap, hünär öwrenip, halk hojalygynyň dürli ugurlarynda üstünlikli zähmet çekýärler.

Türkmen jemgyýetinde ýaş nesli terbiýelemek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Pederlerimiziň müňýyllyklardan gelýän edep-terbiýe ýörelgeleri ýaşlaryň aňyna guýlup, olary watansöýüjilik, halallyk, adamkärçilik, agzybirlik, myhmansöýerlik, zähmetsöýerlik ruhunda kemala getirmek maksady öňe sürülýär. Bu asylly ýörelgeler maşgalada, bilim edaralarynda we jemgyýetçilik guramalarynda ýaşlara geçirilýär.

Türkmen edebiýaty, hususan-da Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ýaşlara milli ruhda terbiýe bermekde uly orny eýeleýär. Pyragynyň parasatly pikirleri ýaşlaryň peder ýoluna we milli gymmatlyklara wepaly bolup ýetişmegine ýol görkezýär.

Maşgala terbiýesi ýaşlaryň ruhy we ahlak kemala gelmeginde möhüm orna eýe. Ene-atanyň söýgüsi, ýaşulularyň göreldesi ýaşlarda dogruçyllyk, hormat, edeplilik ýaly häsiýetleriň kemala gelmegine ýol açýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe jemgyýetiň ruhy ahlak ýörelgeleri ösýär hemem pugtalanýar. Ýurdumyzda watansöýüji, adamkärçilikli, ylymly ýokary hünärli nesliň ösüp ýetişmegi babatynda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jany sag, belent tutumlary rowaç alsyn.

Maral ALLABERDIÝEWA,

Köýtendag etrabynyň Dostluk şäher
kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok