Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça Teswirnama gol çekildi

2025-nji ýylyň 28–30-njy aprelinde Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilen Ulag, üstaşyr geçelgeler we logistika boýunça türkmen-gyrgyz bilelikdäki toparyň ilkinji mejlisinde birnäçe möhüm ugurlar boýunça hyzmatdaşlygy berkitýän Teswirnama gol çekildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň web-saýtynda habar berilýär.

Bu resminama demir ýol, deňiz we awtomobil ulaglary ulgamlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmegi, üstaşyr geçelgeleri kämilleşdirmegi, multimodal daşamalary giňeltmegi, Türkmenbaşy halkara deňiz portuny netijeli peýdalanmak boýunça ylalaşyklary hem-de bilelikdäki çemeleşmeleri öz içine alýar.

Taraplaryň ylalaşygyna laýyklykda, bu toparyň indiki mejlisini 2026-njy ýylda Türkmenistanda geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu duşuşyk Türkmenistanyň we Gyrgyzystanyň ulag we logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygynyň täze tapgyra geçendiginiň aýdyň nyşany boldy.

Myrat KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh
fakultetiniň dünyä taryhy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok