Ýyldyrym bilen göreşýän dünýäniň ilkinji dron ulgamy tanyşdyryldy

Ýaponiýanyň “Nippon Telegraph and Telephone Corporation” (NTT) kompaniýasy ýyldyrym howpuna garşy işlenip düzülen dünýäniň ilkinji adamsyz uçar (dron) esasly ugrukdyryjy we herekete getiriji ulgamyny tanyşdyrdy. Berlen beýanata görä, bu öňdebaryjy tehnologiýa ýyldyrymyň öňüni almak däl-de, ony howpsuz ýagdaýda ugrukdyrmagy we infrastrukturalardan uzaklaşdyrmagy maksat edinýär. NTT kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen bu ulgam üstünlikli meýdan synaglaryndan soň, şäher merkezlerinde we möhüm infrastrukturalarda gorag toru hökmünde ýerleşdirilip bilner.

Kompaniýa tarapyndan paýlaşylan maglumatlara görä, Ýaponiýada ýyldyrymdan gelip çykýan zyýanyň ýyllyk çykdaýjysy 100 bilen 200 milliard ýen aralygynda bolup, bu hem takmynan 1,4 milliard dollara deňdir. Mälim bolşy ýaly, ýyldyrym çakmagy diňe maddy ýitgilere däl, eýsem adam pidalaryna  we ýaralanmalara getirýär. Adaty tehnologiýalaryň çäkli gorag mümkinçiligi we käbir gurluşlara (meselem, şemal turbinalaryna) gurnalmagynyň kynçylygy bu täze ulgamyň işlenip düzülmegine ýol açandygy bellenilýär.

NTT kompaniýasy tarapyndan ýerine ýetirilen synag ulgamy ýerden alnyp barylýan elektrik meýdan gözegçiligi arkaly ýyldyrym howpy bolan ýerleri anyklaýar. Bu ýerlerde howp ýokarlananda ýörite dizaýn edilen bir dron howa galdyrylýar. 2024-nji ýylyň 13-nji dekabrynda geçirilen synag uçuşynda, ýere berkidilen kabel bilen üpjün edilen dron 300 metr beýiklige çykyp, ýyldyrymy özüne “çekmegi” başardy.

Kompaniýa bu synag uçuşda ullakan elektrik akymynyň gözegçilik edilendigini we ýyldyrymyň gönüden-göni drona urlandygyny mälim etdi. Gyzykly tarapy, ýyldyryma garamazdan dronyň uçmagyny dowam etdirip bilmegi boldy. Synagdan öň kompaniýa laboratoriýa şertlerinde dronlaryň 150.000 amper çenli elektrik akymlaryna çydamlylygyny barlapdy.

Kompaniýa bu tehnologiýany diňe ýyldyrymy ugrukdyrmak bilen çäklemekçi däl. Geljek döwürde ýyldyrymyň haýsy ýerde urjakdygyny has takyk çaklamak üçin işler alnyp barlar. Şeýle hem ugrukdyrylan ýyldyrymyň energiýasyny howpsuz ýagdaýda saklamak boýunça gözlegleriň başlanmagy meýilleşdirilýär.

Täçnazar AZADOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok