Taýland Patyşalygyna syýahatlary meýilleşdirýän Türkmenistanyň raýatlaryna 2025-nji ýylyň 1-nji maýyndan Taýlandyň Migrasiýa gullugy tarapyndan girizilen täze talaplaryň güýje girýändigi barada ýatladýarys.
Indi, syýahaty amala aşyrmazdan öň, saparynyň maksadyna garamazdan, her bir ýolagçy hökmany ýagdaýda onlaýn tertipde sanly migrasiýa kartyny doldurmaly. Degişli elektron formany şu ýerden dolduryp bilersiňiz!
Ýeri gelende belläp geçsek, “Türkmenistan” awiakompaniýasy Taýlanda ugraýan öz ýolagçylarynyň ählisini bu amaly soňa goýman, öňünden onlaýn-hasaba alnyşy geçmäge çagyrýar.
Teswirler