Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi

Hytaý-Gyrgyzystan-Özbegistan demirýol taslamasynyň çäginde, ugur boýunça iň möhüm nokatlaryň biri hasaplanýan üç tuneliň gurluşygyna Gyrgyzystanda başlandy.

Gyrgyzystanyň Premýer-ministriniň orunbasary, taslamanyň düýbüni tutmak dabarasynda çykyş edip, bu demirýol taslamasynyň ýurtlar üçin hem strategiki, hem-de ykdysady taýdan uly ähmiýete eýedigini belledi. Bellenilişine görä, gurluşyk döwründe 20 müňden gowrak adama iş üpjünçiligi dörediler we bu taslama müňlerçe täze iş ýerleriniň döremegine mümkinçilik berer.

Demirýol liniýasy Hytaýyň Şinjiang uýgur awtonom sebitindäki Kaşgar şäherinden başlanyp, Gyrgyzystanyň Jalal-Abad şäherinden geçip, Özbegistanyň Andijan şäherine çenli uzalýar. Iň ýokary tizligi sagatda 120 kilometr boljak bu liniýada jemi 20 stansiýanyň gurulmagy meýilleşdirilýär.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok