Erigiň peýdasy barada

Erik — ýaz paslynyň ahyryna we tomsuň başlaryna mahsus miwe bolup, tagamy bilen diňe bir lezzet bermän, ol saglyga peýdaly aýratynlyklary bilen hem tapawutlanýar. Ol Gündogar ýurtlarynda müňlerçe ýyl bäri ösdürilip ýetişdirilýär we saglygy berkitmek üçin ulanylýar. Erigiň düzüminde dürli witaminler, mineral maddalar we antioksidantlar bardyr.

Erigiň düzüminde A, C, E we K witaminleri, şeýle hem B topary witaminleri (B1, B2, B3, B6) bar. A witamini göz görýänligi üçin örän möhümdir. C witamini bolsa bedeniň immun ulgamyny güýçlendirýär, öýjükleriň täzelenmegine kömek edýär we deri saglygyny goraýar.

Erik güýçli antioksidant çeşmesi bolup, erkin radikallaryň täsirini peseldýär. Bu bolsa bedende öýjükleriň zaýalanmagynyň öňüni alýar, hroniki keselleriň döreme ähtimallygyny azaldýar we garramagy haýalladýar.

Erikde süýüm (kletçatka) köp mukdarda bolýar. Bu bolsa iýmit siňdiriş ulgamynyň kadaly işlemegine ýardam edýär, içgeçmeleriň öňüni alýar we sagdyn içege hereketlerini üpjün edýär. Aýratynam guradylan erik içgeçmä garşy tebigy serişdedir.

Erigiň düzümindäki beta-karotin we C witamini deriniň saglygyny goraýar, öýjükleriň täzelenmegini çaltlaşdyrýar we deriniň ýaş görnüşde saklanmagyna ýardam edýär. Şeýle hem saçlaryň güýçlenmegine kömek edýär.

Erikde kalium mineraly kän bolýar. Kalium ýürek urgularynyň kadaly bolmagyna ýardam edýär, gan basyşyny kadalaşdyrýar we ýürek-damar keselleriniň töwekgelçiligini peseldýär. Şeýle hem erik gan damarlaryň ýumşamagyna ýardam edip, gan aýlanyşy gowulandyrýar.

Erik A witaminine baý bolany üçin göz saglygyny güýçlendirýär. Aýratynam ýaş bilen bagly görme ukybynyň peselmeginiň öňüni almakda peýdalydyr.

Erik, esasan hem guradylan görnüşi, demir taýdan baýdyr. Bu bolsa ganazlygyň öňüni alýar we bedendäki gan öndürilişini goldaýar. Aýallaryň we çagalaryň iýmitinde erige ýer bermek maslahat berilýär.

Erigiň tebigy suwy organizmiň suw bilen üpjünçiligine ýardam edýär. Tomusda suwsuzlygyň öňüni almak we bedeni nemli saklamak üçin erik peýdaly miwedir.

Hydyrguly SEÝIDOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok