Dünýäniň iň uly awtoulag daşaýan gämisi ilkinji saparyna çykýar!

“BYD” şereketi deňiz gatnawy ugrunda möhüm ädim ätmäge taýýarlanýar. Hytaýly awtoulag öndüriji kompaniýa dünýäniň iň uly awtoulag daşaýan gämisi bolan “BYD Shenzhen” gämisini ilkinji saparyna çykarmaga taýýarlanýar. Hytaý metbugatynyň berýän maglumatyna görä, şu hepde ýükleme işleri tamamlanandan soň, gämi ilkinji saparyny Braziliýa tarap ugrukdyrar. Bu bolsa, ägirt uly gäminiň indi dünýäniň deňizlerinde hereket edip başlajakdygyny görkezýär. “BYD Shenzhen” gämisiniň, kompaniýanyň tanalmagyna we halkara bazarynda has güýçli orun eýelemegine uly goşant goşmagyna garaşylýar.

Bu ägirt uly gämi 219 metr uzynlykda we 37,7 metr giňlikdedir. Şeýle-de, onuň 18,5 knot (sagatda takmynan 34 kilometr) tizlige ýetip bilýändigini bellemeli. Kuwwaty bolsa hakykatdan hem täsirli – bir wagtda 9 200 awtoulag daşaýar. Şonuň üçin hem ähli aýratynlyklary bilen awtoulag daşamak pudagynda täze bir ülňi döredendigi aýdylýar.

“BYD Shenzhen” gämisi diňe bir ululygy bilen däl, eýsem daşky gurşawa ýaramaz täsirini azaltmak üçin ulanylýan ekologiýa taýdan arassa tehnologiýalary bilen hem tapawutlanýar. Gämi häzirki zaman, goşa ýangyçly ulgam bilen enjamlaşdyrylan. Esasy ýangyç hökmünde suwuklandyrylan tebigy gaz (LNG) ulanylýar. Munuň netijesinde zyýanly zyňyndylar azaltmak arkaly daşky gurşawa ýetirýän zyýan minimal derejä getirilýär. Mundan başga-da, bu gämide ilkinji gezek Hytaýda öndürilen guty görnüşli batareýalara we şaft-kemer hereketlendiriji generatora ýer berilendigi aýdylýar.

“BYD Shenzhen” gämisiniň korpusy deňiz jandarlarynyň (meselem, suwulganlar, midýalar, beýleki organizmler) gäminiň aşagyna ýapyşmagynyň öňüni alýan ýörite boýag (antifouling) bilen örtülendir. Bu bolsa gäminiň haýallamagynyň we ýangyç sarp edilişiniň artmagynyň öňüni alyp, netijede ýangyç tygşytlylygyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik berýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, “BYD” şereketi bu äpet gämisini ilkinji gezek şu ýylyň ýanwar aýynda suwda goýberipdi. Şol döwürde berlen beýannamalarda gäminiň diňe bir kuwwatlylygy bilen däl, eýsem ekologiýa taýdan arassa häsiýeti bilen hem pudaga nusga boljakdygy nygtalypdy.

Annageldi MYRATGELDIÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok