Türkmenistanda immunizasiýa hepdeligi başlady

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy tarapyndan tassyklanan meýilnama laýyklykda, immunizasiýa hepdeligi şu ýylyň 28-nji apreli — 4-nji maýy aralygynda geçirilýär. Immunizasiýa hepdeligi – Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasy (BSGG) tarapyndan 2003-nji ýyldan bäri resmi taýdan geçirilýär. Onuň maksady – dünýä ýüzünde ähli ýaşdaky adamlaryň immunizasiýa arkaly goragly bolmagyny üpjün etmek, ýokanç kesellere garşy öňüni alyş çärelerini wagyz etmekdir.

Immunizasiýa hepdeligi bu ýyl «Hemmeler üçin immunizasiýa adam güýjünde» diýen şygar astynda geçmek bilen, ähli jemgyýetlerde sanjymlaryň adalatly amala aşyrylmagynyň ýokary görkezijilerini çalt gazanmagyň zerurdygyny nygtar. Immunizasiýa hepdeligiň esasy maksady sanjym arkaly ýokanç keselleriň öňüni almagyň ähmiýeti barada ilatyň habarly bolmagyny gazanmakdan hem-de ynamly garaýşy döretmekden ybaratdyr.

Immunizasiýanyň ähmiýeti:

  • Ömrüň dowamynda kesellerden goraýar: Çaga wagtyndan başlap adam immunizasiýa arkaly difteriýa, gökbogma, gyzamyk, gyzzyrma, poliomielit, gyzylja ýaly kesellerden goralýar.
  • Jemgyýet üçin peýdaly: Sanjym alan adamlaryň sany näçe köpräk bolsa, şol derejede jemgyýetde kesel ýaýramagynyň öňi alynýar.
  • Ýokanç keselleriň global azalmagyna goşant goşýar: Dünýäde immunizasiýa çäreleriniň netijesinde her ýyl millionlarça adam keselden halas bolýar.
  • Ykdysady taýdan peýdaly: Keselleriň öňüni almak, olary bejermekden has arzan we netijelidir.

Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we derman senagaty ministrligi immunizasiýa çärelerine uly ähmiýet berýär. Çagalar üçin döwlet tarapyndan mugt sanjymlar amala aşyrylýar. Ýurduň ähli sebitlerinde ýöriteleşdirilen saglyk merkezlerinde degişli waksinalar bilen immunizasiýa çäreleri dowam etdirilýär. Immunizasiýa hepdeliginde bolsa wagyz-nesihat çäreleri, bilim sessiýalary we köpçülikleýin sanjymlar geçirilýär.

Arzuw ORAZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok