«Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» atly halkara maslahat geçirildi

Paýtagtymyzda geçirilýän «Halkara söwda we hyzmatlar» atly sergi-ýarmarkanyň çäginde «Türkmenistanda halkara ülňülerine laýyk gelýän hil üpjünçiligi» diýen halkara maslahat geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

Bu maslahatda dürli ýurtlardan gelen bilermenler elektron söwda, ykdysady ösüş we halkara ülňüleriň möhüm orny barada pikir alyşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş eden Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministriniň orunbasary Perhat Ýagşyýew, ýurdumyzyň söwda we maýa goýum syýasatynyň möhüm ugry hökmünde ýokary hiliň üpjün edilmegi hem-de halkara ülňülerine laýyk gelmeginiň zerurdygyny aýtdy. Şeýle-de, ol ýurdumyzyň milli kanunçylygynyň we söwda çäreleriniň Bütindünýä Söwda Guramasynyň (BSG) talaplaryna laýyklaşdyrylmagyna gönükdirilen işleri we şol sanda söwda amallarynyň sanlylaşdyrylmagyna degişli halkara hyzmatdaşlygyny aýratyn nygtady. Bu ugurda ÝUNKTAD bilen alnyp barylýan hyzmatdaşlyk hem bellenilip geçildi.

Maslahata birnäçe halkara bilermenler hem gatnaşdy. Olar döredijilik pudagynyň ösmegine halkara ülňüleriň goşandy barada çykyş edip, döredijilikli ykdysadyýeti ösdürmekde maglumatlaryň dürs ýygnalmagynyň we analiz edilmeginiň ähmiýetini aýtdy.

Maslahatyň dowamynda bellenilişi ýaly, halkara ülňüleriň ornaşdyrylmagy türkmen harytlarynyň dünýä bazarynda bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrýar. Hiliň birmeňzeş üpjün edilmegi we aç-açan iş ýörelgeleri daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmäge hem-de içerki telekeçiligi ösdürmäge ýardam edýär. Bu bolsa ýurduň dünýä ykdysadyýetine üstünlikli goşulyşmagyny üpjün edýän möhüm ädimleriň biridir.

Myrat KAKAJANOW,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh
fakultetiniň dünyä taryhy kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok