Ýurduň täze kanunlary emeli aň arkaly ýazylar

Birleşen Arap Emirlikleri (BAE) dünýäde ilkinji bolup, täze kanunlary ýazmakda hem-de bar bolan kadalary täzeden seljermekde emeli aň (AI) tehnologiýasyny ulanmagy meýilleşdirýär. Bu başlangyç, ýurduň döwlet dolandyryşynda sanly innowasiýalara uly ähmiýet berýändigini görkezýär. Resmi maglumatlara görä, bu ädim ýurduň kanunçylyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, kanunlaryň düşnükliliginiň ýokarlandyrylmagyna we kanun çykaryş prosesiniň çaltlandyrylmagyna gönükdirilendir.

BAE-nyň Maliýe ministrligi tarapyndan 2024-nji ýylda işe girizilen “Rules as Code” (Kadalar kod görnüşinde) başlangyjy, emeli aň arkaly ýazylan kanunlaryň algoritmleşdirilmegini üpjün edýär. Bu ulgamda kanunlar diňe tekst görnüşinde däl, eýsem, awtomatlaşdyrylan kod görnüşinde-de döredilýär. Maksat – täze kanun taslamalaryny çalt işläp düzmek, olaryň täsirini öňünden çaklamak we ähli taraplara düşnükli görnüşde hödürlemekdir.

Emeli aň arkaly taýýarlanan kanunlar diňe hukuk işgärlerine däl, eýsem, raýatlara hem düşnükli bolmagyny maksat edinýär. BAE-niň hökümeti, bu usuly ulanmak bilen kanunlaryň umumy düşüniliş derejesini ýokarlandyrmagy, hukuk bozulmalarynyň öňüni almagy we administratiw ýalňyşlyklary azaltmagy göz öňünde tutýar. Şeýlelikde, raýatlara düşnükli, aç-açan we ygtybarly hukuk maglumatlary hödürlenýär.

Her bir täze tehnologiýada bolşy ýaly, emeli aňyň hem kanunçylyk ulgamynda peýdalanylyşynda töwekgelçilikler bardyr. Emeli aň ulgamlarynyň maglumatlara görä hereket etmegi sebäpli, maglumatlaryň özi tarapgöý ýa-da doly bolmasa, ýalňyş netijeler ýüze çykyp biler. BAE bu ýagdaýyň öňüni almak üçin ýörite “Kadalaşdyryjy aň ulgamy” (Regulatory Intelligence Office) döretdi. Bu bölümiň wezipesi – ähli emeli aň arkaly döredilen kanunlary adam tarapyndan barlamak we hukuk taýdan seljermekdir.

BAE-niň bu başlangyjy, döwletiň kanun çykaryş işini döwrebaplaşdyrmak we emeli aň arkaly dolandyryş ulgamyny kämilleşdirmek ugrunda atýan möhüm ädimleriniň biridir. Bu tejribe diňe BAE üçin däl, eýsem, bütin dünýä üçin nusga bolup biler. Şol bir wagtyň özünde, emeli aň tehnologiýasynyň ulanylmagynda durnuklylyk, gözegçilik we adalat ýaly prinsipleriň berjaý edilmegi hem möhümdir. BAE-niň bu ugurda döredýän hukuk modeli, XXI asyr dolandyryş ulgamynyň täze nusgasyny döretmäge ymtylýandygyny görkezýär.

Ysmaýyl MEREDOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
Informatika institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok