“Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarka öz işine başlady

Paýtagtymyzda “Halkara söwda we hyzmatlar” atly sergi-ýarmarka bilen birlikde “Türkmenistanda halkara ülňülere laýyk gelýän hil üpjünçiligi” atly halkara maslahat öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty maglumat berýär.

Sergi degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, halkara guramalaryň we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekillerini bir ýere jemledi.

Bu sergide ýurdumyzyň daşary ykdysady gatnaşyklaryny pugtalandyrmak, eksport kuwwatyny ýokarlandyrmak we dünýäniň söwda hyzmatlary ulgamyndaky öňdebaryjy tejribeleri öwrenmek meselelerine aýratyn ähmiýet berilýär. Forum çäginde gatnaşyjylar daşary bazarlara çykmagyň mümkinçilikleri, önümleri sertifikatlaşdyrmak we sanly marketing hyzmatlaryny ornaşdyrmak boýunça pikir alyşýarlar.

Çäräni guraýjylar kiçi we orta telekeçiligi goldamak, B2B hem-de B2G görnüşindäki duşuşyklar arkaly işewür gatnaşyklary ösdürmek we ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryna maýa goýumlaryny çekmek boýunça çäreleriň ähmiýetini nygtaýarlar.

Sergi obasenagat, elektron söwda, döredijilik senagaty we senagat önümçiligi ýaly dürli ugurlary öz içine alýar.

Sergi üç günläp Söwda-senagat edarasynda dowam eder.

Gülhatyja DIDAROWA,

Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher

mugallymçylyk orta hünar okuw mekdebiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok