2025-nji ýylyň 25-26-njy aprelinde türkmen wekiliýeti Almaty şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa – Hytaý” formatynyň Daşary işler ministrleriniň altynjy duşuşygyna gatnaşdy. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
Duşuşykda şu ýylyň iýun aýynda Astana şäherinde geçirilmegi meýilleşdirilýän döwlet Baştutanlarynyň ikinji sammitine taýýarlyk meseleleri maslahatlaşyldy. Taraplar hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk esaslaryny güýçlendirmegiň wajypdygyny belläp, sammitde gol çekiljek resminamalara seretdiler.
Şeýle hem, duşuşykda syýasy gepleşikleri ösdürmek, özara bähbitli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek, ulag we aragatnaşyk ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, durnukly ösüş hem-de ekologiýa bilen baglanyşykly meseleler aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.
Dawut BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler