Ynsan durmuşynyň ruhy-pelsepewi çelgisi hasaplaýan kitap her birimiziň dostumyzdyr, syrdaşymyzdyr. Munuň özi kitabyň adamzadyň köňül nagşydygyny alamatlandyrýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasyndan gözbaş alýan, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik we belent adamkärçilik ruhuna eýlenen ajaýyp eserleri türkmen halkynyň asylly ýörelgeleri bolmak bilen ýaş nesilleri terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Eziz Watanymyzda kitaphana ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, kitaphanalaryň kitap gaznalaryny baýlaşdyrmak, türkmen halkynyň ruhy baýlygy bolan neşir önümleriniň, kitaplaryň häzirki zaman şertlerinde goralyp saklanylmagyny üpjün etmek, halkymyzyň kitap okamana höweslerini artdyrmak, kitaphana hyzmatyny guramak işiniň hilini we mazmunyny ýokarlandyrmak ugrunda belent maksatly işler durmuşa geçirilýär.
Döwletiň hemmetaraplaýyn ösmeginde, özgermeginde, milletiň ruhy galkynyşyny döretmekde kitaphanalar möhüm orun eýeleýär. Ýaşlara Watanymyzyň şöhratly taryhyny, halkymyzyň arassa akabasyndan gözbaş alýan, müňýyllyklaryň dowamyndaky tejribeleriň, synaglaryň netijesinde kemala gelen medeni-ruhy gymmatlyklaryny aýap saklamagy, durmuşda olardan dogry peýdalanmagy öwretmekde we ýaşlary milli ruhda terbiýelemekde kitaplaryň orny örän uludyr. Kitap adama ruhy baýlygy peşgeş berip, ol ynsan durmuşynda möhüm orny eýeleýär. Çuňňur mazmunly kitaplar, ajaýyp eserler ynsan üçin uly tapylgysyz sowgatdyr. Türkmen halky mydama kitaba aýratyn sarpa goýupdyr. Ata-babalarymyz öý-ojaklarynda kitaby aýratyn aýawly saklap, gözleriniň göreçlerine deňäpdirler. Şol mukaddes ýörelgeler häzirki asuda, parahat, bagtyýar zamanymyzda döwrebap dowam etdirilýär.
Bagtyýar döwrümizde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň amala aşyrýan medeni syýasaty netijesinde, kitaphana ulgamyny ýokary derejede ösdürmek we kitabyň neşir edilişini kämilleşdirmek ýurdumyzda ileri tutulýan ugurlaryň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiziň “Türkmenistanyň kitaphana ulgamyny ösdürmegiň 2025–2029-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny hem-de bu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasyny tassyklamak hakynda” Karara gol çekmegi bolsa munuň aýdyň subutnamasydyr.
Medeniýete, şonuň bir ülşi bolan kitaphanalara üns bermek – halkyň ýüregini diňlemek. Halkyň ruhy gymmatlyklaryny gorap, nurana ertirlere ýetirmek ugrunda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döredip berýän giň mümkinçiliklerine jogap edip Mary welaýat çagalar kitaphanamyzyň agzybir işgärleri hem netijeli işleri durmuşa geçirýärler. Okyjylar köpçüligiň kalbynda kitaba bolan söýgini oýarmakda, kitaphana gelýän okyjylary täze täze neşirler bilen yzygiderli tanyşdyryp durmakda, medeni köpçülikleýin çärelerde kitap sergilerini gurnamakda we edebiýat äleminiň söz ussatlarynyň döredijiligine bagyşlap edebiýat agşamlaryny, döredijilik duşuşyklaryny, wagyz-nesihat işlerini geçirmekde önjeýli zähmet çekýärler. Ýaňy-ýakynda hem Mary şäheriniň daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 23-nji orta mekdebinde Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň gurnamagynda geçirilen dabaraly çärämiz ruhy-joşguna beslendi. Bu dabarada çykyş eden kitaphanamyzyň işgärleri çagalara hyzmat edýän kitaphanalaryň işini kämilleşdirmek, çagalaryň we mekdep okuwçylaryň okamaga höweslerini elektron tehnologiýanyň mümkinçilikleri bilen utgaşdyrmak ugrunda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler dogrusynda aýratyn belläp geçdiler. Şeýle-de Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň asyrlara ýaň salan şöhratly taryhymyzy, milli medeni mirasymyzy, taryhda öçmejek yz goýan beýik şahsyýetlerimiziň bitiren beýik işlerini ýokary çeperçilikde beýan edýän pähim-paýhasa ýugrulan eserleri, häzirki zaman ýazyjy şahyrlaryň döwürleýin neşirleriniň terbiýeçilik ähmiýeti, ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň eserleriniň many-mazmuny dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler. Halkymyzy beýik ösüşiň röwşen ýoly bilen abadançylygyň we rowaçlygyň belentliklerine tarap ynamly öňe barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebesi belent, tutýan tutumly işleri diňe üstünliklere beslensin!
Ejegyz ATAÝEWA,
Mary welaýat çagalar kitaphanasynyň
2-nji derejeli kitaphanaçysy.
Teswirler