Eýranyň günortasyndaky Bender-Abbas portunda güýçli partlama boldy. Partlamada 40 adam heläk boldy. Ýurduň Içeri işler ministrligi, ýaralananlaryň sanynyň müňden gowrakdygyny habar berdi.
Partlama sebäpli dörän ýangynyň gözegçilik astyna alnandygy, emma öçürmek üçin işleriň henizem dowam edýändigi mälim edildi. Wakanyň bolan ýerinden gelen suratlarda, portdaky käbir konteýnerleriň partlamagy sebäpli portuň bir böleginiň agyr zaýalanandygy görülýär.
Berlen maglumatlara görä, portda bolan partlamanyň ýurduň goranyş senagaty bilen baglanyşykly däldigini bellenilýär. Çeşmelerde wakanyň bolan sebitine hiç kime girmäge rugsat berilmeýändigi nygtalýar.
Ýeri gelende belläp geçsek, ýangyny söndürmek üçin Russiýa uçar goldawyny iberdi. Ýurtda bir günlük milli ýas yglan edildi.
26-njy aprelde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Masud Pezeşkianyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
Söhbetdeşligiň başynda Gurbanguly Berdimuhamedow Bender-Abbas portunda bolup geçen partlama zerarly öz adyndan, şeýle-de Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan goňşy döwletiň Baştutanyna we Eýranyň halkyna çuňňur gynanjyny hem-de duýgudaşlyk sözlerini beýan etdi.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Eýranyň ýakyn goňşusy hökmünde partlama zerarly ejir çekenlere lukmançylyk we beýleki ähli zerur kömegi bermäge taýýardygyny nygtady. Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti hoşallyk bildirip, şu çylşyrymly pursatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň ilkinji bolup öz goldawyny bermek baradaky teklibini beýan edendigini belledi.
Teswirler