Bathyz gözelliklerini görmek jennet

Hormatly Prezidentimiziň egsilmez sahawaty bilen güneşli Diýarymyzda ekologiýany we tebigaty goramak, onuň täsin ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, tebigy baýlyklarymyzy aýawly saklamak barada durmuşa geçirilýän asylly ýörelgelerden ugur alyp, ýurdumyzda hereket edýän döwlet tebigy goraghanalarynda giň gerimli işler ýola goýulýar. Şeýle wezipelerden ugur alyp işleýän özüniň tebigy aýratynlygy we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Bathyz döwlet goraghanasynda hem netijeli işler alnyp barylýar.

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda gözelligiň, tämizligiň mekany bolan mukaddes topragymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, daşky gurşawy gorap saklamak, tebigy baýlyklary hem-de taryhy ýadygärlikleri aýawly saklamak we rejeli peýdalanmak, tokaýlaryň ýok bolup gitmegine göreşmek, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda döwlet ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. Şeýle wezipelerden ugur alyp işleýän özüniň tebigy aýratynlygy we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Bathyz döwlet goraghanasynda çölleşmä garşy göreş işleri alyp barmakda, biodürliligi goramakda, tebigy baýlyklarymyzy, ýitip gitmek howpy abanýan ösümlikleri we haýwanlary gorap saklamak ugrunda edilýän işler sanardan kändir.  Gadymyýete siňip giden baý taryhy özboluşly gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýan Bathyz döwlet tebigy goraghanasy, eziz Watanymyzyň günorta böleginde Mary welaýatynyň Serhetabat hem-de Ahal welaýatynyň Sarahs etrabynyň çäklerinde ýerleşýär. Bathyz döwlet goraghanasy ýurdumyzyň esasy goraghanalarynyň biri bolmak bilen haýwanat dünýäsiniň baýlygyny, deňsiz-taýsyz ajaýyp ösümlik dünýäsini, aýratyn-da gulanlaryň ýeke – täk saklanyp galan topragyny, iň iri seýrek pisse tokaýlygyny gorap saklamakda, geljekki nesillere miras galdyrmakda edýän hyzmaty uludyr. Goraghananyň umumy tutýan meýdany 140 müň 430 ga  meýdany eýeläp, onuň garamagynda 3 sany çäkli goraghana hyzmat edýär. Olar Çemenabat, Pulhatyn we Gyzyljar diýip atlandyrylýar. Gojaman baýyrlyklary etekläp oturan Bathyz döwlet tebigy goraghanasynda hiç ýerde duş gelmeýän seýrek we gymmatly ösümlikler hem-de haýwanlar goralyp saklanylýar. 

Goraghananyň iň täsin ýerleriniň biri hem pisse tokaýlygy, sähra meýdanlygy we gury ýer (Ýeroýlanduz) çöketligidir.  Goraghananyň çäginde ýerleşen Ýeroýlanduz çöketligi dünýäniň hiç ýerinde duş gelmeýän aýratynlygydyr. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  parasatly baştutanlygynda 2019-2025-nji ýyllar aralygynda Bathyz we Köýtendag döwlet goraghanasyny ÝUNESKO-nyň bütindünýä tebigy mirasynyň  sanawyna girizmek barada teklip edildi. Bu ýerde zähmet çekýän goraghana işgärleriniň tagallasy bilen tebigat giňişliginde gezýän keýikler, dag goçlary, gulanlar we beýleki birnäçe haýwanlar hem-de guşlar gije -gündiziň dowamynda goralýar we asudalygy üpjün edilýär. Goraghananyň çäginde ösümlikleriň 1057 görnüşi, haýwanlardan ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2 görnüşi, süýrenijileriň 40 görnüşi, guşlaryň 255 görnüşi, süýdemdirijileriň 42 görnüşi ýaşaýar. Bu ýerde oňurgasyz haýwanlaryň 1326 görnüşi anyklanylandyr. Bathyzyň ösümlikleriniň 14 görnüşi, haýwanlarynyň 53 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Bu goraghana seýrek pisse tokaýlygy, çöllük sähralygy, ýerüsti akymy bolmadyk akymsyz çöketlikleri bilen beýleki goraghanalardan tapawutlanýar. Onuň uzaklara uzap gidýän pisse tokaýlygy günbatar çäginde ýerleşýän daglyk mekanydyr. Bathyzyň sahawatly sährasynyň bezegine öwrülen pisse agaçlary bu ýere gezelenje barýan adamlaryň, tebigaty öwrenijileriň ünsüni özüne çekýär. 14 müň gektar meýdany eýeleýän pisse tokaýlygynda uzak ýaşan, orta ýaşan we täze ekilen ýaş pisseler bolup, olar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilip, özboluşly tebigy şertlere uýgunlaşmagy bilen tapawutlanýar. Ösümlik dünýäsiniň iň gadymy wekili bolan pisse agaçlary 45—50 derejeli yssa, 35—40 derejeli aýaza çydamlydyr.  Uzak ýyllary gerdeninde saklap oturan, tebigata özboluşly görk berýän pisse agaçlary örän suwsuzlyga çydamly bolup, 300, 500, 700 ýyla golaý ýaşaýandyklaryny goraghananyň tejribeli hünärmenleri belleýärler. Pisse agaçlary ekilenden soň 25 ýyldan soň hasylyny berip başlamagy, bu agaçlaryň has köp ýaşaýandyklaryna güwä geçýär. Pisse agaçlary mart  aýlarynyň ikinji ongünlüginde ekilýär. Olar ýabany şertde ösýänligi sebäpli, kökleri has çuňa ösüp esasy güýji toplaýar. Doly yzgar alandan soň, pisse agajynyň ýokarky bölegi ýaýrap ösüp başlaýarlar. Pisse agaçlary aprel aýynda gülläp, iki jynsda bolup enelik we erkek agaçly görnüşdedirler. Olar şemalyň kömegi bilen tozanlanşyk geçýärler. Tozanlaşyk doly dynansoň awgust aýlary hasylyny ýygýarlar.  Pisse agaçlarynyň miweleri adamlaryň hem gündelik durmuşynda ulanylýar. Konditer önümlerinde aýratyn peýdalanylýar. Bu agaçlaryň dermanlyk häsiýetleri hem kändir.

Bathyz sähralygy özüniň gözelligi we täsirliligi bilen tapawutlanýar. Bu goraghanada gorag bölümi, ylmy bölümi, hojalyk bölümi, mehanizasiýa bölümi we kömekçi hojalyk bolup ol ýerde öz işine ussat hünärmenleriň birnäçesi zähmet çekýär. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň Mary welaýat etrap, şäher komitetleriniň agzybir işgärleri dürli ýerlerde, edara-kärhanalarda, oba zähmetkeşleriniň arasynda daşky gurşawy goramak, güneşli Diýarymyzyň bagy-bossanlygyny, ösümlik we haýwanat dünýäsini gözüň göreji deýin aýawly saklamak maksady bilen wagyz-nesihat çäreleri yzygiderli geçirýäris. Bu ýeriniň haýwanat we ösümlik dünýäsini has içgin öwrenmekde ylmy işleri hem alyp barýarys.  Halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşy üçin ähli mümkinçilikleri döredýän Hormatly Prezidentimiziň jany sag bolsun, ömri uzak bolsun, alyp barýan işleri diňe rowaçlyklara beslensin!

Laçyn ATAMYRADOWA,

Türkmenistanyň Agrar Partiýasynyň
Mary etrap komitetiniň esasy hünärmeni.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok