Arkadag şäherinde Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli täze “Taýçanak” binasy hem-de onuň bilen “Akhan” binasynyň arasyndaky doly abatlanan Ahalteke atlar şaýolunyň açylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berýär.
Dabara aýdym-saz we sahnalaşdyrylan çykyşlar bilen dabaraly ýagdaýda giňden bellenildi. Edebi-sazly çykyşlarda rowaýata öwrülen Taýçanak atly bedewiň hem-de dünýä meşhur ahalteke atlarynyň waspy ýokary derejede beýan edildi.
Habarda nygtalyşy ýaly, abatlanan şaýoluň ugrunda ahalteke bedewleriniň taryhy we olaryň gazanan üstünlikleri barada maglumatlaryň ýerleşdirilmegi ýaşlarda milli gymmatlyklara bolan buýsanjy we hormaty ösdürmäge gönükdirilendir.
Çärä gatnaşanlar şanly senelerde medeni we jemgyýetçilik ähmiýetli desgalaryň açylmagynyň asylly däbe öwrülendigini belläp, munuň ýurdumyzda gazanylýan ösüşleriň we taryhy mirasy gorap saklamak ugrundaky tagallalaryň aýratyn subutnamasydygyny nygtadylar.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem Halkara atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy.
Maral HOJAGULYÝEWA,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet
mugallymçylyk institutynyň talyby.
Teswirler