Türki döwletler ilkinji bilelikdäki hemrany goýbermäge taýýarlanýar. Degişli ylalaşyk Türki döwletleriň guramasyna agza-ýurtlarynyň Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň dördünji duşuşygynyň dowamynda gazanyldy. Oňa Türkiýe Respublikasynyň, Gazagystanyň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň we Gyrgyzystanyň, şeýle hem synçy-döwletler bolan Wengriýanyň we Türkmenistanyň wekilleri gatnaşdy.
CubeSat formatly enjamyň hereketlendiriji böleginiň işläp taýýarlanylşy özbek inženerler tarapyndan amala aşyrylar. Mundan başga-da, kosmos tehnologiýalaryna gyzyklanmany ýokarlandyrmak maksady bilen, TDG-na agza we synçy-ýurtlaryň ýaşlary üçin CanSat atly bäsleşigini geçirmek teklip edildi.
Azerbaýjan tarapy agza we synçy-ýurtlar üçin wirtual kosmos akademiýasy we geomaglumat ulgamy boýunça okuw maksatnamalaryny guramaga taýýardygyny bildirdi. Bu başlangyçlar ýaşlary älem işine çekmäge hem-de bu ugurda innowasiýalary goldamaga gönükdirilendir.
Kosmos agentlikleriniň ýolbaşçylarynyň indiki bäşinji duşuşygy Özbegistanda geçiriler.
Teswirler