“MLM barada faktlar we mifler” atly duşuşyk geçirildi

24-nji aprelde “Kitap” bilim merkezinde hem-de onlaýn görnüşde, ZOOM platformasy arkaly “MLM barada faktlar we mifler” atly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda köp derejeli marketing (MLM) ulgamynyň esasy ýörelgeleri, bu ugurda giňden ýaýran nädogry pikirler we hakykata laýyk gelýän maglumatlar boýunça giňişleýin pikir alyşmalar geçirildi. Çärä gatnaşyjylar MLM ulgamynyň iş prinsipi, onuň artykmaçlyklary hem-de ýüze çykýan töwekgelçilikleri barada giňişleýin maglumat aldylar.

Duşuşykda IT bilermeni Haknazar Haljanow we marketolog Yslam Annaberdiýew çykyş edip, köp derejeli marketing ulgamynyň dogry we nädogry düşündirilýän aýratynlyklary barada düşündiriş berdiler. Çykyşlarda anyk mysallaryň getirilmegi gatnaşyjylaryň mesele hakynda giňden düşünje almagyna mümkinçilik döretdi.

Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar özleriniň gyzyklanýan soraglaryna jogap aldylar we MLM ulgamyna degişli dürli garaýyşlary seljerdiler. Çäräniň netijesinde, gatnaşyjylar köp derejeli marketing ulgamynyň hakykaty we mifleri hakyndaky düşünjelerini has-da giňeldiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok