Behişdi bedewler – türkmeniň göwün ganaty

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň uly tagallalarynyň netijesinde ýurdumyz ähli ugurlarda belent ösüşlere eýe bolýar. Şonuň bilen birlikde, ahalteke bedewleriniň şöhraty hem dünýä ýüzünde has-da beýgelýär. Türkmen halkynyň arassa ganly behişdi bedewleri ajaýyp zamanamyzyň gözelligine aýratyn öwüşgin goşýan gymmatly maddy we ruhy baýlyk hökmünde baha berilýär. Döwletli öýlerde bedewiň durmagy bagtyýarlygyň, rysgal-bereketiň alamaty hasaplanylýar. 

Türkmen halkymyz taryhyň dowamynda bedew atyna hiç haçan diňe haryt hökmünde garamandyr, sebäbi türkmeniň aňynda asyllylygyň, wepanyň we dostlugyň bahasy ölçenilmeýär. Dünýäni haýrana goýýan türkmen bedewlerinde hem şu ajaýyp häsiýetleriň jemlenendigini görmek bolýar. Ahalteke atlaryna “asman şasy” ýa-da “behişdi bedew” diýen belent atlar berilýär. Ata-babalarymyz asyrlarboýy ahalteke bedewleriniň arassa ganlylygyny gorap saklamak ugrunda uly aladalar edipdirler.

Häzirki wagtda bedewlerimiz halkymyzyň buýsanjy bolup, dünýä ýüzüne şöhrat saçýar. Türkmen halkynyň göwün guwanjy bolan, öz täsin gözelligi bilen bütin älemi haýrana goýýan ahalteke bedewlerimize çäksiz sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ähli asylly işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Atamyrat GYLYJOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby
.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok