“IT Startaplary we ýaşlar” atly seminar geçirildi

23-nji aprelde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde “IT startaplary we ýaşlar” atly seminar geçirildi. Çäräniň baş maksady — ýaşlaryň arasynda IT pudagyna bolan gyzyklanmany artdyrmak, olaryň innowasion başlangyçlaryny höweslendirmek we işewürlik başlangyçlary boýunça goldaw bermek boldy.

Seminarda IT we startap ugurlarynda üstünlik gazanan tanymal hünärmenler — Haknazar Haljanow, Baýramgeldi Şageldiýew hem-de Begenç Allagulyýew çykyş etdiler. Olar özleriniň gazanan tejribeleri bilen gatnaşanlar bilen paýlaşyp, üstünlikli startap döretmegiň möhüm ädimleri, häzirki wagtda IT ulgamyndaky ösüş tendensiýalary we işewürlikde innowasiýanyň orny barada giňişleýin maglumat berdiler.

Çykyş eden hünärmenler ýaşlara öz başdan geçiren tejribelerinden mysallar getirip, startap taslamalary başlamak üçin nädip dogry ugur saýlamalydygy, nähili kynçylyklaryň ýüze çykyp bilýändigi we olary nädip ýeňip geçmelidigi baradaky täsirli maslahatlaryny paýlaşdylar. Şeýle hem, ýaşlara tehnologiýalaryň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň, döredijilikli pikirlenmegiň we toparlaýyn işleşmegiň ähmiýeti aýratyn nygtaldy.

“IT startaplary we ýaşlar” atly bu çäre ýaşlaryň arasynda tehnologiýa bilen işjeň gyzyklanmagy artdyrmakda we ýurdumyzyň IT pudagynyň ösüşine täze itergi bermekde möhüm ädim boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok