Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň milli ykdysadyýetiniň möhüm pudagy bolan oba hojalyk toplumynyň kämilleşdirilmegi, ylmy esasda ösdürilmegi netijesinde durnukly azyk bolçulygy üpjün edilýär. Halkyň islegini kanagatlandyrýan we sebitiň toprak-howa şertlerine durnukly, ýokary hilli, bol hasyl berýän däneli ekinleriň täze sortlaryny döretmek, dänäniň öndürilişini mundan beýläk-de artdyrmak, her bir gektar meýdanyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak möhüm wezipeleriň hatarynda kesgitlenen. Şonuň netijesinde däneli ekinleriň birnäçe görnüşleri ylmy esasda öwrenilip, döwrebap sortlary döredilýär. Güneşli ýurdumyzyň toprak-howa şertleri beýleki däneli ekinler bilen bir hatarda güýzlük tritikaleni ösdürip ýetişdirmek we ondan gowy hilli, ýokary hasyly almaga doly mümkinçilik berýär.
Tritikale häzirki zaman ekerançylygynda giň ulanyşa eýe bolan gymmatly ot-iýmlik, dänelik, azyklyk ekindir. Bu dänelik ekiniň dänesi mallara, guşlara iým, gök massasy, şeýle-de samany ot hökmünde ulanylýar. Tritikale daşky gurşawyň amatsyz şertlerine, gyşa, gurakçylyga, topragyň belli bir derejede şorlulygyna, kesellere we mör-möjeklere ýokary durnuklylygy bilen tapawutlanýar.
Tritikale (tritikum we сekale) bugdaý bilen çowdary çaknyşdyrylyp alnan täze gibrid sort. Ol ulanylyşy boýunça dänelik, däne-iýmlik we ot-iýmlik toparlara bölünýär. Tritikaleniň dänesiniň düzüminde witaminler, çalşyp bolmaýan aminokislotalar, makro we mikroelementler saklanýar. Onuň dänesi çörek, konditer hem-de spirt önümçiliginde ulanylýar. Çörek önümçiliginde tritikaleniň ununyň 20-30 göterimi bugdaý ununa goşulyp, berhizlik çörek önümleri taýýarlanýar. Beýleki ot-iýmlik ekinler bilen deňeşdirilende tritikaleniň ýokumlylyk derejesi ýokarydyr. Tritikaleniň ot-iýmlik hökmünde artykmaçlygy ýapraklarynyň köplügi bilen häsiýetlenip, onda 15-20 % protein saklanýar. Tritikaleniň düzüminde saklanýan krahmal, spirt we onuň uny önümçilik üçin iň gowy çig mallaryň biri bolup, dänesiniň düzüminde 70-74 % krahmal bar. Önümçilikde 1 tonna krahmal taýýarlamak üçin ýer almanyň 7 tonnasy, çowdarynyň 2 tonnasy, bugdaýyň 2,3 tonnasy we tritikaleniň bolsa 1,8 tonna dänesi harçlanýar.
Tritikale beýleki däneli ekinlere seredende ýokary hasyllylygy bilen tapawutlanýar. Onuň bir gektar meýdanyndan 70-90 s/ga çenli däne hasylyny alyp bolýar. Adaty önümçilik şertlerinde 50-60 s/ga däne hasylyny, 450-550 s/ga gök massa hasylyny almaga mümkinçilik berýär. Geçirilen ylmy tejribelerde kolhisin himiki maddasyny täsir etdirip, tritikaleden 150-200 s/ga çenli däne hasylyny alyp bolýandygy subut edilendir.
Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň gallaçy alymlardan edýän talabyna mynasyp jogap bermek hem-de diýarymyzyň oba hojalyk önümçiligini durnukly ösdürmek, ýokary hasylly, dänäniň biohimiki görkezijileri boýunça gowy hilli, yssa, gurakçylyga we gyşyň aýazyna, kesellere, zyýankeşlere çydamly tritikaleniň sortlary bilen üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň oba hojalyk ministrliginiň Ylmy-barlag däneçilik institutynda “Tritikaleniň seleksiýasy” atly tejribe boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ugurda ýerine ýetirilýän seleksiýa işleriniň ylmy önümçilik ähmiýeti örän uly bolup durýar.
“Tritikaleniň seleksiýasy” atly tejribe boýunça geçirilýän seleksiýa işleriniň esasy maksady – ýurdumyzda bu gymmatly ekiniň däne hasyllylygyny ýokarlandyrmakdan, öndürilýän dänäniň mukdaryny has-da artdyrmakdan, häzirki wagtda önümçilikde ekilýän sortlary täze, döwrebap sortlar bilen çalyşmakdan, ýokary hilli, bol hasylly, ýerli şertlere laýyk gelýän, kesellere, zyýankeşlere durnukly tritikaleniň täze sortlaryny döretmekden ybaratdyr.
Oguljeren HUDAÝNAZAROWA,
Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag däneçilik institutynyň hünärmeni.
Teswirler