Düýn, Malaýziýanyň paýtagty Kuala-Lumpurda “Türkmengaz” we “Türkmennebit” döwlet konsernleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň bilelikde guramagynda halkara göçme forum öz işine başlady. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.
Bu forum halkara energetika kompaniýalarynyň, bilermenleriň, nebitgaz, gurluşyk, ulag, aragatnaşyk we maliýe düzümleriniň, halkara guramalaryň we ylmy merkezleriň wekillerini bir ýere jemläp, möhüm hyzmatdaşlyk meýdançasyna öwrüldi. Forumyň esasy maksady Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň möhüm pudaklaryna göni daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek, şeýle-de energetika ulgamynda sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmekdir.
Forumyň gün tertibine uglewodorod serişdeleri, nebitgaz senagaty we beýleki möhüm pudaklardaky maýa goýum mümkinçilikleri boýunça meseleler girizildi. “Türkmenistanyň energetika pudagyndaky täze maýa goýum mümkinçilikleri: tebigy gaz we monetizasiýa” atly bölümçede gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň ösüşi, şol sanda “Galkynyş” gaz käniniň özleşdirilişi we TOPH gaz geçirijisiniň ähmiýeti bilen tanyşdyryldy. Şeýle-de gurluşyk, ulag, maglumat tehnologiýalary we aragatnaşyk ulgamlaryna gönükdirilen maýa goýum mümkinçiliklerine seredildi. Bu bölümçede, şeýle hem, Türkmenistanyň şäher gurluşygyndaky öňdebaryjy taslamalarynyň biri bolan, Merkezi Aziýada ilkinji “akylly” şäher – Arkadag şäheriniň ösüşi we onuň halkara derejesinde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyryldy.
Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi iki ýurduň arasynda energetika, ulag-aragatnaşyk, innowasion şäher gurluşygy, syýahatçylyk we beýleki pudaklarda täze taslamalary durmuşa geçirmäge giň mümkinçilikler döredýär. Forum hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak we bilelikdäki taslamalary ösdürmek üçin netijeli platforma hökmünde çykyş edýär. Forum gatnaşyjylary onuň netijeliligini ýokary baha berip, bu çäreniň ýurtlaryň ykdysady gatnaşyklaryny täze derejä çykarmaga uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdiler.
Sülgün NEPESOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň mugallymy.
Teswirler