Türkmen halkynyň müňýyllyklardan bäri dowam edip gelýän ekerançylyk we maldarçylyk tejribesi häzirki wagtda döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Ýurdumyzda bu pudakda ýola goýulýan giň gerimli özgertmeler, ýerleriň, suwuň we zähmet serişdeleriniň netijeli dolandyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilmegi pudagyň ygtybarly ösüşini üpjün etdi.
Oba hojalygy ilkinji nobatda ilaty ýokary hilli azyk önümleri bilen doly üpjün etmek wezipesini kesgitleýär. Häzirki wagtda Diýarymyzda bugdaý, pagta, şaly, gök we bakja önümleri ýaly ekinler giň meýdanlarda ösdürilip ýetişdirilýär. Bugdaýyň öndürilişi ýylyň-ýylyna artýar, şeýle hem un önümleriniň eksport mümkinçiliklerini döredýär. Pagta bolsa dokma senagatynyň çig maly bolup, ýurdumyzyň ykdysady girdejisiniň möhüm bölegini emele getirýär.
Maldarçylyk pudagy hem Türkmenistan ýurdumyzda uly ösüşe eýe bolýar. Gara mallar, ownuk dowarlar, düýeler we guşlar aýratyn ideg bilen ösdürilip, dürli görnüşli et, et-süýt we beýleki azyk önümleri öndürilýär. Döwlet tarapyndan berilýän goldawlar, şeýle hem maldarçylyk toplumlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy pudagyň netijeliligini ýokarlandyrýar. Soňky ýyllarda maldarçylyk bilen meşgullanýan telekeçilere döwlet tarapyndan ýeňillikli karzlar, tehniki kömek we beýleki ýeňillikler döredilýär.
Häzirki zaman oba hojalygy diňe fiziki güýje däl, eýsem ylmy we sanly bilime hem daýanýar. Sanly ulgamyň ösmegi bilen ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna dron arkaly gözegçilik etmeklige mümkinçilik bar, suwaryş ulgamlary awtomatlaşdyrylýar, dökünleriň ulanylmagy kompýuter ulgamynda hasaba alynýar. Bu bolsa ykdysady netijeliligi artdyrmak bilen birlikde, çykdajylary azaltmaga, wagty tygşytlamaga doly mümkinçilik berýär.
Pudakda suwuň tygşytly we maksadalaýyk peýdalanylmagy örän möhüm wezipe hökmünde kesgitlenendir. Şol maksat bilen, damjalaýyn suwaryş, suw göteriji desgalar we suw saklaýjy howdanlar giňden ulanylýar. Şeýle-de, suwuň ýitgisiz ekin meýdanlaryna akdyrylmagy üçin täze inženerçilik çözgütleri girizilýär.
Oba hojalygynyň ösdürilmegi diňe bir ykdysady taýdan bähbitli bolmak bilen çäklenmän, onuň daşky gurşawa ýetirýän täsiri hem oňaýlydyr. Tebigy dökünleriň we ösümlikleri goramak serişdeleriniň ulanylmagy, ýerleriň erroziýadan goralmagy, topragyň meliorasiýasynyň gowulandyrylmagy ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň durnukly ösmegine mümkinçilik döredýär.
Türkmenistan Watanymyzda oba hojalyk pudagynyň hemmetaraplaýyn ösüşi diňe bir abadan ýaşaýşyň çeşmesi bolman, eýsem döwletimiziň ykdysadyýetiniň möhüm sütünini düzýär. Geljekde bu pudagy has-da kämilleşdirmek, ýokary hasylly tohum almak, oba ilatynyň ýaşaýyş-durmuş derejesini ýokarlandyrmak, azyk bolçulygyny pugtalandyrmak ýaly giň möçberli maksatlar ata ýurdumyzy gülledip özgertmek üçin ynamly ösüş ýoludyr.
Miwe NURLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň
Dokma önümçiligi fakultetiniň talyby.
Teswirler