Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde tutumly işleriň gerimi giňäp, belent maksatlar rowaç alýar. Yurdumyzy syýasy, ykdysady-durmuş we medeni taýdan çalt depginlerde sazlaşykly ösdürmekde ynamly gadamlaryň bady artýar. Şol bir wagtda döwletimiziň halkara abraýy buýsançly belentliklere çykýar. Bularyň hemmesi hormatly Prezidentimiziň parasatly içeri we daşary syýasatynyň giň möçberli işlerde durmuşa geçirilýändigini doly aýdyň edýär.Garaşsyz Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljak “Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak” ýylynyň ýeňişli sepgitleri guwanç duýgusyny döredýär. Inha bu gun bolsa biziň ýokary okuw mekdebimiz bolan Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň-da “ICT Start-up durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary” atly innowasiýa taslamalary boýunça bäsleşigi 2025-nji ýylyň 18-19-njy aprelinde Türkmenistanyň Bilim Ministrligi hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň bilelikde gurnamaklarynda ýokary depginler bilen geçirildi. Bu bäsleşigi birnaçe ýokary okuw, orta hünär okuw şeýlede orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylaryň gatnaşmaklarynda geçirildi.
Bäsleşik 7-ugur boýunça ýagny “Akylly oba-hojalyk tehnologiýalary” “Bilim we elektron okuwy” “Sanly lukmançylyk” “Akylly şäher” “Hyzmatlar ulgamy” “Robototehnika we awtomatizasiýa” “Emeli aň” ugurlary boýunça ýokary guramaçylykda geçirildi.
Görkezilen ugrlara baglylykda taslamalar şu aşakdaky görkezilen taslamalara degişli bolmalydyr.
– kiçi telekeçiligi döretmek bilen bagly taslamalar;
– satyn almaga degişli bolan taslamalar;
– uly göwrümli taslamalar;
– döredijilik taslamalar;
– sosial taslamalar. Şeýle taslamalar bäsleşikde oz ornuny tapýar.
Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi talyp ýaşlarmyzyň gatnaşmagy bizi diýseň begendirýar guwandyrýar şeýle bäsleşikleri gurnamaga giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza kop sagbolsunlarmyzy aýdýarys goý olaryň janlar sag başlary belent tutýan tutumly işleri mundan beýlekde rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris.
Akymowa ÝAZBIBI,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
“Sanly elektronika” kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler